SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Covid-19” täsiri: guşlaryň 80 göterimi şäher merkezlerine gondy

Kanadanyň we ABŞ-nyň alymlary tarapyndan geçirilen seljermede, Covid-19 pandemiýasy wagtynda adam hereketiniň pes bolmagy guşlaryň özüni alyp barşyna täsir edendigi ýüze çykaryldy. Pandemiýa başlamazdan ozal, şäher merkeziniň golaýynda görülmedik guşlaryň görnüşleriň adamlaryň ýaşaýan ýerlerinde has köp görnüp başlandygyna göz ýetirildi.

Manitoba uniwersitetinden we Kornell Ornitologiýa barlaghanasyndan iki sany gözleg topary 2017-nji ýylyň martyndan 2020-nji ýylyň maý aýlary aralygynda 4,3 million guşuň maglumatlaryny gözden geçirdi. Netijede, pandemiýa döwründe guşlaryň 80 göterimi pandemiýadan öňki derejeler bilen deňeşdirilende şäherleriň, uly awtoulag ýollarynyň we howa menzilleriniň, esasan hem adamlaryň ýaşaýan ýerlerine 100 kilometre ýakynlaşanlygy ýüze çykdy.

Gözlegçiler, gözden geçirilen maglumatlaryň meýletinçileriň gözegçiliklerine esaslanýandygyny ýatladyp, pandemiýa wagtynda guşlara syn etmegiň köpelmeginiň hem maglumatlarda öz beýanyny tapyp biljekdigini aýtdy.

Türkmen-özbek ykdysady forumy: 13 ylalaşyk gazanyldy

 

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar