JEMGYÝET

COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş: BSGG Baş direktory bilen duşuşyk

Şu gün, zähmet rugsady tamamlanandan soň, ilkinji iş güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Gebreisus bilen wideoaragatnaşyk boýunça duşuşyk geçirdi.

COVID-19 pandemiýasy duşuşygyň esasy mowzugy

COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda, dünýä ýüzünde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy bilelikde göreşmek hem-de olaryň ýetirýän zyýanyny azaltmagyň mümkin bolan ýollary bilen bagly meselä aýratyn üns berildi.

Türkmenistan täze görnüşdäki koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekdäki hem-de ählumumy wehimlere özara ylalaşylan jogaplary taýýarlamak babatda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmakda BSGG-niň möhüm orun eýeleýändigini belleýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini diňe BMG-niň şu abraýly düzümi tarapyndan ylmy taýdan esaslandyrylan maslahatlaryň ähli döwletler tarapyndan takyk berjaý edilen ýagdaýynda gazanyp bolar.

Ýurdumyzda  koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça anyk çäreler

Milli saglygy goraýyş ulgamynyň düýbünden täze nusgasyny döretmegiň gözbaşynda duran döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda häzir ýurdumyzda koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça anyk çäreler görülýär…

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Gebreisus maslahaty açyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen mähirli salamlaşdy hem-de birek-biregi hormatlamak we ynanyşmak esasynda guralýan ikitaraplaýyn köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge şahsy ýardamy hem-de häzirki döwrüň ählumumy meselelerini çözmäge başlangyjy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Şeýle hem BSGG-niň ýolbaşçysy milli Liderimize dünýäde koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşmekde umumy tagallalara goşýan uly goşandy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Baştutanyna söz berildi.

Milli Liderimiz BSGG-niň ýolbaşçysy bilen salamlaşyp, şu duşuşygy guramak baradaky başlangyç üçin minnetdarlyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu duşuşyk häzirki döwürde biziň hyzmatdaşlygymyz bilen bagly meseleler boýunça pikir alyşmak hem-de adamlaryň saglygyny goramakda has möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gowy mümkinçilik bolup durýar.

Türkmenistan özüniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasyna agzalygynyň 28 ýylynyň dowamynda milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge garaýyşlary kesgitleýän esas goýujy halkara resminamalaryna laýyk getirmek, lukmançylykda halkara kadalaryny ulanmak, dürli keselleri bejermek we olaryň öňüni almak boýunça köp işleri amala aşyrdy.

Netijede, 25 ýyl mundan ozal ýurdumyzda «Saglyk» döwlet maksatnamasy kabul edildi. Şonuň esasynda bolsa, saglygy goraýşyň lukmançylyk kömegini her bir raýata elýeterli etmäge gönükdirilen düýbünden täze nusgasy döredildi diýip, milli Liderimiz belledi.

Men şu ýylyň 14-nji aprelinde Size iberen hatymda bu ugurda Türkmenistanyň ýeten sepgitleri, netijeli halkara hyzmatdaşlygy barada jikme-jik habar berdim diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşde we olaryň öňüni almakda biziň döwletimiziň ýeten ýokary derejesini tassyklaýan halkara giňişliginde ykrar edilen resminamalar munuň anyk netijesidir.

Döwlet Baştutanymyz ara alnyp maslahatlaşylýan meselä degip geçmek bilen, häzir bütin adamzadyň täze ählumumy howp – koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny nygtady. Bu döwürde biz özümiziň çärýek asyryň dowamynda toplan oňyn tejribämize daýanyp, COVID — 19 ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek ugrunda toplumlaýyn çäreleri gördük.

Türkmenistan bu ugurda amala aşyrýan çärelerini dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan işlerine doly laýyk getirip, halkara tagallalaryny koronawirusa garşy göreşde birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Hususan-da, ylmy diplomatiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi, alym lukmanlaryň, bilermenleriň we bilimiň beýleki ugurdaş ugurlarynyň hünärmenleriniň yzygiderli pikir alyşmagy üçin ähli zerur şertleri döretmegi teklip etdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Nygtalyşy ýaly, bu başlangyjyň esasy maksady hünärmenleriň täze görnüşli koronowirusyň gelip çykyşyny, bu ýokanjyň döredýän keselleriniň ýüze çykyşyny, şeýle hem şol keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň usullaryny düýpli öwrenmäge gönükdirilen, köptaraply gatnaşyklaryny ýola goýmakdan ybaratdyr.

Biz şu we beýleki ugurlar boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, beýleki gyzyklanýan taraplar bilen bilelikde iş alyp barmaga taýýar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Miletler Guramasynyň Baş sekretarynyň soňky aýlardaky ýüzlenmelerine we çagyryşlaryna hem-de BSGG-niň ýolbaşçysynyň başlangyçlaryna hormat bilen garaýarys diýip, sözüni dowam etdi.

Türkmenistanda maý–iýul aýlarynda amala aşyrylan işler

Bellenilişi ýaly, bu ugurda ýurdumyzda şu ýylyň maý–iýul aýlarynda uly işler edildi.

Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasy

Mysal üçin, 22-nji maýda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasy döwlet derejesinde tassyklanyldy.

Bu Meýilnamada ýokanç keselleri anyklamak, bejermek we olaryň öňüni almak üçin zerur bolan maddy-tehniki binýady mundan beýläk-de berkitmek boýunça anyk çäreler bellenildi.

Türkmenistanda täze karantin merkezleri

Olaryň hatarynda ulanylmaga berlen täze karantin merkezleri, ýiti ýokanja meňzeş keseliň alamatlary bolan adamlary bejermäge niýetlenip, iş ugry üýtgedilen aýry-aýry lukmançylyk edaralary bar. Ýokarda agzalan Meýilnama esasynda zerur bolan derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary satyn alynýar diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Ählumumy  dispanser gözegçiligi

Ýurdumyzda häzirki wagtda ilaty ählumumy dispanser gözegçiliginden geçirmek işi alnyp barylýar, şeýle hem adamlaryň kesele durnuklylyk ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça degerli çäreler görülýär.

C-TAP platformasyny döretmek

Türkmenistan täze görnüşli koronawirusa garşy göreşde tehnologiýalaryň elýeterli bolmagy üçin esas bolup durýan C-TAP platformasyny döretmek baradaky BSGG-niň teklibini goldap çykyş etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu platforma COVID — 19 ýokanjynyň gelip çykyşyny açyk-aýdyň açyp görkezmek, kliniki synaglaryň ähli netijelerini çap etmek, ylmy işleriň maglumatlarynyň adalatly paýlanmagy we elýeterli edilmegi üçin mümkinçilik hökmünde garalýar.

Men ýokarda pandemiýa garşy göreşde döwletleriň gönüden-göni alyp barýan işleri bilen bagly halkara başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge Türkmenistanyň gatnaşmagynyň käbir mysallaryny getirdim diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň bu işlere mundan beýläk hem işjeň gatnaşjakdygyny belledi.

Ýurtlaryň we halkara guramalarynyň bilelikde alyp barýan işleri öz oňyn netijelerini berýär. Şonuň bilen bir hatarda, heniz COVID — 19 ýokanjyna degişli köp sanly meseleler hem aýdyň bolman galýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz tekliplerini öňe sürýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

TÜRKMENISTANYŇ TEKLIPLERI

Birinjiden,

täze görnüşli ýokanjyň ýüze çykmagynyň sebäpleri häzire çenli doly çözülmedik mesele bolup durýar. Bu meseläniň üstünde häzir dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlary işleýär. Hakykatdan-da, häzirki wagtda, umuman, koronawirusyň ýüze çykmagynyň sebäplerini açyp görkezýän birnäçe düýpli ylmy işler bar. Bu bolsa, giňden ýaýraýan keselleri bejermegiň dogry usullaryny kesgitlemäge köp babatda ýardam berýär.

Bu ýokanjyň ýaýramagynyň mümkin bolan ýollaryny öwrenmek işi dowam edýär. Soňky döwürde köp sanly hünärmenler howa-damja ýoly wirusyň ýaýramagynyň sebäpleriniň biri diýen pikire gelýärler. Muny türkmen alym lukmanlarynyň, ekologlarynyň, ylmyň beýleki pudaklarynyň wekilleriniň barlaglary hem görkezýär.

Şol bir wagtda, täze koronawirusyň üýtgäp durmagy, täze görnüşleriniň döremegi hem möhüm mesele bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli ylmy işleri alyp barmagyň maksadalaýyk bolup durýandygyny belledi. Bu bolsa, ýokanjyň çylşyrymly gelip çykyşyny, onuň häsiýetini çalt üýtgetmek ukybyny has doly açyp görkezýän maglumaty almaga mümkinçilik berer.

Biziň pikirimizçe, şeýle işi netijeli geçirmek maksady bilen, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ikinjiden,

COVID — 19 ýokanjy sebäpli keselleriň ýüze çykmagynyň görnüşleri çylşyrymly mesele bolup durýar. Häzirki wagtda olaryň alamatlarynyň esasylary bize mälim we dem alyş ýollarynyň keselleriniň agyrlyk derejesi kesgitlenildi diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Emma, täze görnüşli bu ýokanç netijesinde döreýän keselleriň hakyky ýüze çykmagy barada belli bir pikir ýok.

Öýken sowuklama keseli: Bu keseli täze koronawirus döredýär diýen pikir

Biziň sebitimizde çalt ýaýraýan, gelip çykyşy näbelli bolan öýken sowuklama keseli muňa mysal bolup biler. Bu keseli täze koronawirus döredýär diýen pikir hem bar. Ýöne, şunuň bilen birlikde, şeýle öýken sowuklamasyna meňzeş aýratynlyk barlaghanada düýpli seljerilende we döwrebap lukmançylyk tehnologiýalaryny, şol sanda kompýuter tomografiýasyny ulanmagyň netijesinde alnan hakyky maglumatlar jikme-jik öwrenilende ýüze çykarylýar.

Men örän ýakyn wagtda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda bu keseli dogry anyklamak üçin, ilkinji nobatda, ýiti öýken sowuklama keseline duçar bolan döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyna ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça býurosynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça sebitleýin usulyny döretmek barada oýlanmagy teklip etdi.

Üçünjiden,

täze döreýän ýokanç keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň usullaryny kämilleşdirmek örän möhüm wezipe bolup durýar. Elbetde, bu wezipäni netijeli ýerine ýetirmek, täze mikroorganizmleriň gelip çykyşyna we olaryň döredýän keselleriniň ýüze çykyşynyň görnüşlerine degişli ýokarda agzalan meseleleriň çözülişiniň netijeleri bilen gönüden-göni baglydyr.

Biz degişli ýokanç keselleri bejermegiň beýanyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldawyna bil baglaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň düzüminde Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek meselesine seretmek hem maksadalaýyk hasaplanylýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, adamlara täsirli lukmançylyk kömegini bermäge, olaryň netijeli bejerilmegine, ynsan ömürlerini halas etmäge gönükdirilen, ýokarda görkezilen we beýleki degişli wezipeleri çözmek üçin bilelikdäki tagallalary birleşdirmek zerur bolup durýar.

Bu wezipeleri ýerine ýetirmek biziň borjumyz we umumy jogapkärçiligimiz bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz bu asylly işde BSGG-niň hemmetaraplaýyn goldawyna ýene-de bir gezek bil baglaýandygyny aýtdy.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Gebreisus

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory Tedros Gebreisus Türkmenistanyň Prezidentine mazmunly çykyşy hem-de teklipleri üçin hoşallyk bildirip, türkmen Lideriniň işläp taýýarlan milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek strategiýasyna hem-de gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklary amala aşyrmaga bolan islegine ýokary baha berdi.

Şunuň bilen baglylykda, dünýäde täze ýokanç keseliniň ýüze çykandygy mälim bolanda Türkmenistanda onuň ýurduň çägine aralaşmagyna ýol bermezlik babatda anyk çäreleriň görlendigi bellenildi.

Ilata edilýän lukmançylyk kömegini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen birlikde, häzirkizaman türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa geçirmek, aýratyn hem ýaşlaryň arasynda bedenterbiýäni we sporty wagyz etmek üçin ähli şertler döredilýär.

Şunuň bilen baglylykda, BSGG-niň ýolbaşçysy ýurtda adam we onuň abadançylygy hakyndaky aladanyň, ilatyň saglygyny berkitmek boýunça toplumlaýyn uly işleriň geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan durmuş maksatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ol biri-biri bilen özara baglanyşykly bolan saglygy goraýyş we sportuň yzygiderli ösdürilmegini öz içine alýar diýip belledi.

Şeýle hem Tedros Gebreisus ýakynda Türkmenistanda bolan BSGG-niň bilermenler toparynyň ýerlerde görülýän öňüni alyş çäreleri bilen tanyşandygyny hem-de bu ýerde geçirilýän giň gerimli işleriň netijelerine oňyn baha berendigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş direktory hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipleriniň wajypdygyny aýdyp, olaryň umumadamzat üçin ähmiýetli bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň öňe süren teklipleriniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan hemmetaraplaýyn öwrenilip, Türkmenistan bilen bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy onlaýn-maslahatyň ahyrynda däbe öwrülen hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem-de jemgyýetiň saglygyna abanýan täze howplara we wehimlere garşy göreşmekde tagallalary birleşdirmäge taýýarlygyň bardygyny bellediler.

Saglyk ulgamyna we COVID19 barada habarlar okamak üçin

 

Ýene-de okaň

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň ýeňijileri sylaglandy