Şotlandiýanyň Glazgo şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň (COP26) 26-njy maslahaty geçirilýär.
Bu maslahatyň öňüsyrasynda Italiýanyň Rim şäherinde “G-20” ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň sammiti geçirildi. Şol sammitiň gün tertibiniň esasy mowzuklarynyň biri hem daşky gurşawy goramakdan ybarat boldy.
Bu gurama agza ýurtlaryň ýolbaşçylary ählumumy uglerod garaşsyzlygyny gazanmagyň zerurdygyny bellediler. Döwlet Baştutanlary Ýer şarynyň temperaturasynyň 1,5 selsiý derejesinden ýokarlanmazlygy ugrunda tagalla etjekdiklerini mälim etdiler.
Maglumatlara görä, howa goýberilýän hapa gazlaryň 80 göterimi “G-20” ýurtlaryň paýyna düşýär. Onuň hem 27 göterimi Hytaýa degişlidir.
Çiliniň daşky gurşawy goramak ministri, “COP25” maslahatynyň başlygy Karolina Şmidt Glazgo şäherindäki maslahaty açyp, ählumumy maýylganlyga garşy göreşmek üçin gepleşiklere badalga berdi. 2 hepdäniň dowamunda dünýäniň 200-e golaý ýurdunuň wekilleri öz wekiliýeti bilen howanyň üýtgemegine garşy göreşmek babatda öz garaýyşlaryny beýan ederler.
Maslahata gatnaşyjylar Gün we ýel elektrik beketleriniň energiýasy, wodorod ýangyjy we uglerod tutmak ulgamlary ýaly “ýaşyl” taslamalar gazylyp alynýan serişdeleriň energiýasyna garanyňda, arzan bolup, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösmegine goşant goşup biljekdigini, emma olary belli bir ýurtda giňden ornaşdyrmak üçin ykdysady syýasatda düýpli üýtgeşmeler zerurdygyny bellediler.
Bu maslahata ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden, Fransiýanyň Prezidenti Emamnuel Makron bilen bir hatarda köp sanly ýurduň ýokary derejeli döwlet ýolbaşçylary gatnaşýar.
TOPH gaz geçirijisi taslamasy Owganystanda täzeden başlaýar