BILIM

CNPC: Hytaýyň Nebit uniwersiteti üçin kabul edişlik başlandy

Hytaýyň “International Ltd.” milli nebitgaz kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy Hytaýyň Nebit uniwersitetinde (Pekin ş.) ýokary hünär bilimini almak isleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalarynyň kabul edilşigi barada habar berýär. Okuwlar aşakdaky ugurlar boýunça geçirilýär:

– Nebitgaz inženerçiligi;

– Nebiti we gazy geçirmek we saklamak;

– Nebit we gaz, hem-de mineral serişdeler ýataklarynyň geologiýasy we gözlegleri;

– Nebit we gaz ýataklarynyň işläp taýýarlanylşy we ulanylşy;

– Himiýa inženerçiligi we tehnologiýa;

– Mehaniki taslamalaşdyrma we awtomatizasiýa.

Synag seçip almasy iki tapgyrda geçirilýär: matematika, himiýa we fizika dersleri boýunça test-syngagy hem-de iňlis dili bilimini barlamak üçin söhbetdeşlik.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

– 25 ýaşdan uly bolmadyk;

– Türkmenistanyň raýaty;

– Iňlis dilini gowy bilmek;

– Gowy bahalar, ösmek mümkinçiligine ukyply (10-njy we 11-nji synp boýunça hem-de 12-nji synpyň birinji iki çärýegi boýunça attestatda, ýetişikleri baradaky ýyllyk tabellerde 3-lük bahalarynyň (kanagatlanyrly bahalar) ýoklugy);

– Gutarnykly orta, ýörite orta we orta hünär bilimi;

– Kazyýet jogapkärçiligine çekilmedik.

Gerekli resminamalaryň sanawy:

– Şahamçanyň bellenen formasynda okuwa kabul etmek baradaky maglumatnama-haýyşnama (maglumatnamany resminamalaryň tabşyrylan wagtynda şahamçada alyp we dolduryp bolýar);

– Mekdep uçurymlary üçin orta bilim baradaky attestatyň notarius tarapyndan tassyklanan nusgasy; 2025-nji ýylda orta mekdebi tamamlaýan okuwçylar synp ýolbaşçysy, okuw bölüminiň müdiriniň orunbasary we mekdep müdiri tarapyndan tassyklanan 10–njy we 11–nji synp boýunça ýetişikleri baradaky ýyllyk tabelleri hem-de 12-nji synpyň birinji iki çärýegi ýobunça ýetişikleri baradaky tabeli hem-de mekdepden hödürnamany tabşyrmaly;

– Içerki pasportyň nusgasy;

– Eger bar bolan ýagdaýynda, biometriki pasportyň nusgasy (şeýle pasporty bolmadyk şahslara ony resmileşdirmek işini başlamaga maslahat berilýär);

– 3×4 ölçegdäki 6 sany foto suratlar;

– Okuw ýa iş ýerinden (harby bölüminden) häsiýetnama

– Zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy (işleýänler üçin);

– Harby biletiň ýa-da ýazylyş şahadatnamasynyň nusgasy.

Ähli görkezilen resminamalaryň terjimesi hökman däl.

Resminamalaryň kabul edilşigi 2025-nji ýylyň 17-25-nji mart aralygynda (şenbe, ýekşenbe we baýramçylyk günlerinden başga) sagat 09:30-dan 17:00-e çenli kabul ediler (13:00-14:00 – arakesme wagty).

Resminamalar Aşgabat ş., Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3 (CNPC şahamçasynyň edara binasy) salgysy boýunça kabul ediler. Telefon belgileri: (+99312) 44-51-01, (+99312) 44-50-65, (+99312) 44-54-75, (+99312) 44-53-49

Ýene-de okaň

«Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmen ýaşlarynyň dykgatyna! Rumyniýa okuw üçin resminamalar kabul edilip başlandy

Türkmen ýaşlary 2025-2026-njy okuw ýylynda Rumyniýa okuwa iberiler

Günorta Florida uniwersitetinde kiberhowpsuzlyk we emeli aň kolleži döredilýär

Türkmen talyplary matematika olimpiadasynda 26 medal gazandy

“British International University Turkmenistan” taslamasyny döretmek teklip edilýär