UEFA-nyň iň esasy ýaryşy bolan Çempionlar ligasynyň final duşuşygy geçirildi. Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki Olimpiýa stadionynda geçiriljek duşuşykda Angliýanyň “Mançester Siti” topary bilen Italiýanyň “Inter” topary duşuşdy.
Final duşuşygynda garşydaşyny 1:0 hasabynda ýeňen Angliýanyň “Mançester Siti” topary taryhynda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy. Şeýle hem bu topar bu ýaryşda ýeňilmän kubogy gazanmagy başardy.
Şeýlelikde, Angliýanyň “Mançester Siti” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny, Angliýanyň çempionlyk kubogyny hem-de Angliýanyň kubogyny gazanan futbol topary boldy.
Mundan ozal, şeýle görkezijini Angliýada 1999-njy ýylda “Mançester Ýunaýted” topary görkezipdi.
Stambuldaky final duşuşygyny tomaşa edenleriň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan hem bardy.
Şeýle hem bu duşuşygy tomaşa etmek üçin FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino, UEFA-nyň ýolbaşçysy Aleksandr Jeferin, Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň eýesi Şeýy Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban, “PSŽ” toparynyň ýolbaşçysy Nasser Al-Haleifi we beýleki ýolbaşçylar hem-de köp sanly myhmanlar Stambul şäherine bardylar.
