SPORT

Çempionlar ligasynyň finaly: “PSŽ” bilen “Inter” duşuşar

Ýewropanyň Futbol Federasiýalarynyň Bileleşigi (UEFA) tarapyndan gurnalýan iri sport ýaryşy bolan Çempionlar ligasy ahyrlap gelýär. Germaniýanyň Mýunhen şäherinde 31-nji maýda geçiriljek finalda Fransiýanyň “PSŽ” topary bilen Italiýanyň “Inter” topary duşuşar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Italiýanyň “Inter” topary öz meýdançasynda Ispaniýanyň “Barselona” toparyny kabul etdi. Örän çekeleşikli hem-de köp golly duşuşykda “Inter” topary 4:3 hasabynda ýeňip, Çempionlar ligasynyň finalyna çykypdy.

Bu ýaryşyň beýleki duşuşygynda Fransiýanyň “PSŽ” topary Pariž şäheriniň “Park de Prens” stadionynda Angliýanyň “Arsenal” toparyny 2:1 hasabynda utup, finala çykdy. Bu toparlaryň ilkinji duşuşygynda hem fransuz topary 1:0 hasabynda üstün çykypdy.

Fransiýanyň “PSŽ” topary Çempionlar ligasynyň finalynda 2-nji gezek oýnaýar. Mundan ozal, bu topary 2020-nji ýylda finala çykypdy we finalda Germaniýanyň “Bawariýa” toparyndan 1:0 hasabynda utulypdy. “Arsenal” topary 1 gezek bu ýaryşyň finalyna çykyp, 2006-njy ýylda finalda “Barselona” toparynda 2:1 hasabynda utulypdy.

“Inter” topary 7-nji gezek Ýewropanyň öňdebaryjy ýaryşynyň finalynda çykyş edýär we mundan ozal, 3 gezek, ýagny 1964-nji, 1965-nji we 2010-njy ýyllarda ýeňiş gazanypdy.

Italýan topary soňky gezek 2023-nji ýylda finala çykyp, onda “Mançester Siti” toparyndan 1:0 hasabynda utulypdy.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady