SPORT

Çempionlar ligasynyň 2-nji duşuşyklary: Messi bilen Ronaldo duşuşarmy?

Futbol janköýerleri üçin futbol duşuşyklar dowam edýär. Bu hepde UEFA Çempionlar ligasynyň toparçalardaky ikinji duşuşyklary başlanýar. Bu hepdäniň gyzykly duşuşyklary “Barselona” bilen “Ýuwentusyň” arasynda bolmagyna garaşylýar. Messi bilen Ronaldonyň arasyndaky duşuşyk nähli tamamlanarka? Golaýda koronawirus keseline ýolugan Ronaldonyň bu duşuşykda oýnap-oýnamajakdygy entek näbelli.

Sişenbe güni geçiriljek oýunlar:

“Lokomotiw-Bawariýa” (Aşgabat sagady boýunça 22:55)

“Şahtýor Donesk-Inter” (22:55)

“Liwerpul- Mitjiland” (01:00)

“Borussiýa Mýunhengladbah-Real Madrid” (01:00)

“Portu-Olimpiakos” (01:00)

“Marsel-Mançester Siti” (01:00)

“Atalanta-Aýaks” (01:00)

“Atletiko Madrid-Zalsburg” (01:00)

Çarşembe güni geçiriljek oýunlar:

“Krasnodar-Çelsi” (Aşgabat sagady boýunça 22:55)

“Istanbul Başakşehir-PSŽ” (22:55)

“Borussiýa Dortmund- Zenit” (01:00)

“Ferenswaroş- Dinamo Kiew” (01:00)

“Ýuwentus-Barselona” (01:00)

“Sewilýa- Renn” (01:00)

“Mançester Ýunaýted- RB Leýpsig” (01:00)

“Brýugge- Lasio” (01:00)

Güýçli toparlar ýagny, “Real Madrid”, “Atletiko Madrid”, “Zenit”, “PSŽ” ýaly toparlar geçen birinji tapgyrda ýeňlişe sezewar bolupdylar. Olaryň tälimçileri geljek tapgyrlarda özleriniň toparlarynyň derejelerine görä, toparçada ýer almak üçin güýçli oýun görkezjekdiklerini belläp geçdiler.

 

Foto Habarlar Sahypamyz

Ýurdumyzyň gözel künjegine degişli fotosuratlary bu sahypadan tapyp bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi

«Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygynda stadiondaky oturjak ýeriňizi çalt tapmagyň tertibi

Ata Watan Eserleri