SPORT

Çempionlar ligasynda bijeler täzeden çekildi

UEFA Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň bijeleri çekildi. Ilkinji çekilen bijede Messili “PSŽ” bilen Ronaldoly “Mançester Ýunaýted” oýnamaly bolupdy. Ýöne bije çekişlikde goýberilen ýalňyşlyk sebäpli bijeler täzeden çekildi.

Şu gün UEFA-nyň merkezi edarasy bolan Nýon şäherinde Çempionlar ligasynyň 1/8 pleý-off tapgyrynyň bijeleri çekildi. Şol bijelere görä, bu tapgyrda duşuşjak toparlar mälim edildi.

Täzeden çekilen bijelere görä:

«Zalsburg» (Awstriýa) – «Bawariýa» (Germaniýa)

«Sporting» (Portugaliýa) – «Mançester Siti» (Angliýa)

«Benfika» (Portugaliýa) – «Aýaks» (Niderlandlar)

«Çelsi» (Angliýa) – «Lill» (Fransiýa)

«Atletiko» (Ispaniýa) – «Mançester Ýunaýted» (Angliýa)

«Wilýarreal» (Ispaniýa) – «Ýuwentus» (Italiýa)

«Inter» (Italiýa) – «Liwerpul» (Angliýa)

«PSŽ» (Fransiýa) – «Real Madrid» (Ispaniýa)

1/8 pleý-off tapgyrynyň ilkinji duşuşyklary 15-16-njy fewralda we 22-23-nji fewralda, jogap duşuşyklary bolsa 8-9-njy we 15-16-njy martda geçiriler. Ilkinji duşuşyklar ady birinji ýazylan toparlaryň meýdançasynda geçiriler.

 

atavatan-turkmenistan.com/cempionlar-ligasy-bijeleri-messi-bilen-ronaldo-yene-de-dususyar/

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi