SPORT

Çempionlar Ligasynda 1/8 final tapgyrynyñ jogap duşuşyklary geçiriler

Şu hepdede futbol janköýerleri üçin UEFA-nyñ Çempionlar Ligasynyñ 1/8 tapgyrynyñ jogap duşuşyklary garaşýar. Mart aýynyñ 11-ne gije sagat 01:00-da iki duşuşyk geçiriler. Germaniýanyñ “Leýpsig” topary öz meýdançasynda Angliýanyñ “Tottenhem” toparyny kabul eder. Birinji duşuşykda “Leýpsig” toparynyñ 1-0 hasaby bilen artykmaçlygy bardygyny unutmaly däl.

Bu güniñ ikinji oýuny bolsa “Walensiýa” bilen “Atalanta” arasynda geçiriler. “Atalanta” oýunyñ ykbalyny birinji oýunda çözdi diýsegem ýalñyşmarys, sebäbi “Atalanta” öz meýdançasynda 4-0 hasaby bilen ýeñmegi başardy. “Walensiýa”-“Atalanta” oýuny dünýädäki käbir meseleleri boýunça janköýersiz, tomaşaçysyz geçiriler.

Mart aýynyñ 12-sine hem Çempionlar Ligasynyñ dünýä belli toparlarynyñ  duşuşyklarynyñ geçirilmegine garaşylýar. Birinji oýun: “Liwerpul”-“Atletiko Madrid” oýuny Anfield stadionynda gije sagat 01:00-da başlanar. Geçen duşuşykda “Atletiko Madrid” öz meýdançasynda Çempionlar Ligasynyñ geçen ýylky ýeñijisi bolan “Liwerpul” toparyny 1-0 hasaby bilen ýeñmegi başardy.

PSŽ-“Borussiýa Dortmund” duşuşygy gije sagat 01:00-da başlar. Dünýä belli oýunçylardan düzülen PSŽ toparynyñ tälimçisi Tomas Tuhel: “Dortmundy ýeñmek üçin ähli güýjimizi orta goýarys”, diýip belläp geçýär. Geçen duşuşykda Dortmund topary PSŽ toparyny 2-1 hasaby bilen ýeñmegi başarandygy ýatladarys. Duşuşyk “Park de Prens” stadionynda, janköýersiz geçiriler.

Biz bolsa, ýurdumyzyñ futbol janköýerlerini UEFA-nyñ Çempionlar Ligasynyñ gyzykly duşuşyklaryny tomaşa etmäge çagyrýarys!

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi