SPORT

Çempionlar ligasy: uly hasaply ýeňişler, garaşylmadyk netije

UEFA-nyň Çempionlar Ligasynda toparçalardaky 1-nji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy. Adatça, sişenbe we çarşenbe güni oýnalan Çempionlar Ligasynyň çarşenbe günündäki duşuşyklarynda uly hasaplar we garaşylmadyk ýeňişler gazanyldy.

“ŞERIF”: GARAŞYLMADYK NETIJELER

UEFA Çempionlar ligasynyň býujeti ýa-da futbolçylarynyň gymmaty iň pes topar bolan Moldowanyň Şerif toparynyň bu ýaryşa gatnaşmagy hem garaşylmadyk waka bolupdy. Bu gezek topar özüniň ilkinji duşuşygynda Ukrainanyň güýçli topary “Şahtýor” toparyny 2:0 hasabynda ýeňdi.

“Şerif Tiraspol” diýseň täze topar. 24 ýyllyk taryhy bolup, 1997-nji ýylda esaslandyrylandan soň Moldowa ligasynda iň köp çempion bolan topardyr. 19 gezek çempion boldy.

ULY HASAPLY ÝEŇIŞLER

UEFA Çempionlar ligasynyň duşuşyklarynda garaşylmadyk we uly hasaply ýeňişler hasaba alyndy.

A toparça

“Bruýge”: 1 – “PSŽ”: 1

“Mançester Siti”: 6 – “Leipzig”: 3

B toparça

“Atletiko Madrid”: 0 – “Porto”: 0

“Liwerpul”: 3 – “Milan”: 2

Ç toparça

“Beşiktaş”: 1 – “Borussiýa Dortmund”: 2

“Sporting”: 1 – “Aýaks”: 5

D toparça

“Şerif”: 2 – “Şahtýor”: 0

“Inter”: 0 – “Real Madrid”: 1

MESSI, NEÝMAR, MBAPPE ÝEŇIŞ GAZNAYP BILMEDI

Messili, Neýmarly we Mbappeli “PSŽ” topary “Brýugge” topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.

“MANÇESTER” 6. “AÝAKS” 5 GOL GEÇIRDI

“Mançester Siti” topary “Leipzig” toparyny 63 hasabynda ýeňdi. Futbol janköýerleri 90 minudyň dowamynda 9 gol gördüler.

“Aýaks” topary bolsa “Sporting” toparyny 5:1 hasabynda ýeňdi we bu duşuşykda “Aýaks” toparyndan Haller 4 gol geçirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Boris Jonsona gynanç bildirdi

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi