SPORT

Çempionlar ligasy: “PSŽ” we “Inter” bir ädim öňde

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji duşuşyklary geçirildi. Onda Angliýanyň “Arsenal” topary öz meýdançasynda Fransiýanyň “PSŽ” toparyny kabul etdi. Ispaniýanyň “Barselona” topary bolsa, Italiýanyň “Inter” topary bilen duşuşdy.

“Arsenal” bilen “PSŽ” toparynyň duşuşygynda fransuz topary myhmançylykda 1:0 hasabynda utdy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny toparyň ökde futbolçysy Usman Dembele geçirdi.

Ýarym finalyň beýleki duşuşygy köp gollylygy bilen tapawutlandy. “Barselona” topary bolsa öz meýdançasynda “Inter” toparyny kabul etdi. Duşuşyk 3:3 hasabynda tamamlandy. “Inter” topary duşuşygyň 31-nji sekundyndan Markus Týuram “Barselona” toparynyň derwezesine pökgüni gönükdirdi.

Soňra italýan toparynyň niderlandly futbolçysy Denzel Dumfris 2 gezek tapawutlandy.

“Barselona” toparynda Lamin Ýamal, Ferran Torres tapawutlandy. Rafinýanyň uzakdan derwezä gönükdiren pökgüsi derwezebana degip tora girdi.

Şeýlelikde, Fransiýanyň “PSŽ” topary bilen Italiýanyň “Inter” topary geljek hepde geçiriljek jogap duşuşyklary üçin artykmaçlyk gazandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler

Merkezi Aziýada ilkinji gezek suwdaky «Formula-1» dünýä kubogy Yssykköl sebitinde geçiriler

«Arkadag» topary bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

TFF-niň Kubogy: finalda “Arkadag” hem-de “Şagadam” toparlary duşuşar

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”