SPORT

Çempionlar ligasy Lissabonda oýnalar

UEFA guramasy 2020-nji we 2021-nji ýyllaryň Çempionlar ligasynyň final oýunlary üçin degişli kararlar kabul etdi. Şeýlelikde, häzirki möwsümiň final duşuşygy Portugaliýanyň Lissabon şäherinde oýnalar. 2021-nji ýylyň final oýuny bolsa, tomaşaçylar bilen Stambul şäherinde geçiriler.

Ýewropa futbol federasiýa bileleşigi (UEFA) Stambulda geçirilmegi göz öňünde tutulan 2019-2020-nji ýylyň möwsümindäki Çempionlar ligasy finalynyň 12-23-nji awgustda Lissabonda täze format esasynda ýagny, sekizlik final formaty esasynda oýnaljakdygyny mälim etdi. UEFA-nyň başlygynyň kömekçisi Giorgio Marketti bu barada şeýle diýýär:

«Çempionlar Ligasynda çärýek finallar, ýarym finallar we final oýunlary 12 we 23-nji  awgust aralygynda Lissabonda geçiriler. Bu möwsümiň final oýuny üçin Stambul şäheri meýilleşdirilýärdi. Emma bu meýilnama üýtgedilip, 2021-nji ýylda final duşuşygyny Stambulda geçirmek meýilleşdirildi» — diýip, aýtdy.

Oýunlaryň tomaşaçylaryň hem gatnaşjagy barada heniz belli karar berilmedi. Bu soragda UEFA-nyň başlygy Aleksandr Çeferin şeýle diýýär:

«Final oýunlary tomaşaçylaryň gatnaşyp biljegi barada heniz karara gelinmedi. Oýunlaryň tomaşaçylar bilen geçiriljegi ýa-da geçirilmejegi baradaky karar iýul aýynyň ortasyna çenli mälim ediler» — diýip, aýtdy.

8-lik final formaty esasynda geçiriljek final oýunlar 12-23-nji awgustda geçiriler. 12 gün dowam etjek oýun, 12-15-nji awgustda çärýek final, 18-19-njy awgustda ýarym finaly, 23-nji awgustda bolsa final oýny oýnalar.

 

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi