SPORT

Çempionlar ligasy: “Bawariýanyň” rekordy, “Galatasaraýyň” Angliýadaky ilkinji ýeňşi

Ýewropanyň futbolynyň 1-nji derejeli ýaryşy hasaplanýan UEFA-nyň Çempionlar ligasynda toparçalardaky ikinji tapgyryň duşuşyklary geçirldi. “A”, “B”, “Ç” we “D” toparçalarynda duşuşyklar oýnaldy.

Şoňa laýyklykda, Türkiýäniň “Galatasaraý” topary myhmançylykda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparyny meşhur “Old Traffrod” stadionynda 3:2 hasabynda utdy. Şeýlelikde, türk topary Angliýada özüniň ilkinji ýeňşini baýram etdi.

“A” toparçasynda çykyş edýän “Galatasaraý” hem-de “Mançester Ýunaýted” bilen bir hatarda “Kopengagen” bilen Germaniýanyň “Bawariýa” topary hem çykyş edýär.

Bu duşuşyk hem rekord bilan tamamlandy. German topary öz garşydaşyny 2:1 hasbaynda utdy. Tomas Tuheliň tälim berýän nemes topary Çempionlar ligasynyň toparçalardaky duşuşyklarynda 36 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. Bu rekord hökmünde hasaba alyndy. Şeýle hem bu topar toparçada bassyr 15 duşuşykdan bäri ýeňiş gazanyp gelýär.

Duşuşyklaryň netijeleri:

“A” toparça

“Mançester Ýunaýted” (Angliýa) – “Galatasaraý” (Türkiýe): 2-3

“Kopengagen” (Daniýa) – “Bawariýa” (Germaniýa): 1-2

“B” toparça

PSW (Niderlandlar) – “Sewilýa” (İspaniýa): 2-2

“Lens” (Fransiýa) – “Arsenal” (Angliýa): 2-1

“Ç” toparça

“Union Berlin” (Germaniýa) – “Braga” (Portugaliýa): 2-3

“Napoli” (İtaliýa) – “Real Madrid” (İspaniýa): 2-3

“D” toparça

“Salzburg” (Awstriýa) – “Real Sosýedad” (İspaniýa): 0-2

“Inter” (İtaliýa) – “Benfika (Portugaliýa): 1-0

Ýene-de okaň

Futbol boýunça dünýä çempionaty: ähli gatnaşyjylar belli boldy

Türkiýä 24 ýyldan soňra dünýä çempionatyna gatnaşar

Ata Watan Eserleri

44 gün tälimçilik etdi

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi