SPORT

Çempionlar ligasy: “Arsenal” bilen “PSŽ”, “Barselona” bilen “Inter” oýnar

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň duşuşyklary tamamlandy. Şonuň netijesinde, ýarym finala Ispaniýanyň “Barselona”, Fransiýanyň “PSŽ”, Angliýanyň “Arsenal” we Italiýanyň “Inter” toparlary çykdy.

“Arsenal” topary Ispaniýanyň şa kluby “Real Madrid” iki duşuşykda hem ýeňip, 2009-njy ýyldan soňra ýayrm finala çykdy. “Real” bolsa, soňky gezek 2020-nji ýylda Çempionlar ligasynda wagtyndan öň utulyp, ýaryşdan çykypdy.

Şeýlelikde, ýarym finalda “Arsenal” bilen “PSŽ”, “Barselona” bilen “Inter” toparlary duşuşar.

Ýarym finalyň ilkinji duşuşyklary 29-njy we 30-njy aprelde, jogap duşuşyklary 6-njy we 7-nji maýda geçiriler. Çempionlar ligasynyň final duşuşygy bolsa, 31-nji maýda Mýunhende guralar.

Related posts

El Klasiko: 14 ýyldan soňra “Realyň” uly üstünligi

Aşgabatda AFK-nyň zenanlar futbol güni bellenildi

Meşhur britan futbolçy Bobbi Çarlton aradan çykdy

Ata Watan Eserleri