SPORT

“Çelsi” toparynyň iň gymmat goragçysy

Angliýanyň “Premýer liga” çempionatynyň düzüminde çykyş edýän “Çelsi” topary Mark Kukurelýany satyn aldy. Ol toparyň iň gymmat satyn alan goragçysy boldy. 24 ýaşyndaky ispan futbolçy üçin 65,3 million ýewro tölendi.

Mundan ozal, “Çelsi” topary goragçy üçin uly möçberde maliýe serişdelerini sarp etmändi. Mundan ozalky rekordy Ben Çilielle degişlidir. Ony 50,2 million ýewro satyn alypdylar.

“Çelsi” topary bu goragçyny “Braýton” toparyndan satyn aldy. Onuň bilen 6 ýyllyk şertnama baglaşyldy.

“Men hakykatdanam bagtly. Dünýäniň iň gowy klublarynyň birine göçmek meniň üçin ullakan mümkinçilikdir. Bu ýerde özümi bagtly duýmak we topara kömek etmek üçin köp zähmet çekerin “-diýip, Kukurelýa belläp geçdi.

“Barselona” toparynyň düzüminde ýetişen bu futbolçy Angliýanyň “Braýton” toparynda oýnap, gowy netijeler görkezdi. Şonuň üçin “Çelsi” topary bu futbolçyny özüniň düzümine goşdy. Sebäbi “Çelsi” toparynyň düzümindäki goragçylaryň “Barselona” toparyna geçmek arzuwy bar.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy