Braziliýaly futbolçy Winisius Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynda işleriň häzirki ýagdaýyndan kän bir kanagatlanmaýar we häzirlikçe madrid klubunyň bilen şertnamasyny uzaltmaga howlukmaýar. Iňlis futbol kluby “Çelsi” braziliýaly hüjümçisi Winisiusy satyn almak üçin 135 million funt sterling (takmynan €156 million) teklip etmäge taýýar. Bu barada britan neşiri “The Guardian” habar berýär.
Winisiusy “Real” bilen baglaşylan şertnama 2027-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli güýjünde galýar. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, braziliýaly futbolçy “Realda” ýagdaýlardan doly razy däl we madrid kluby bilen şertnamasyny uzaltmaga entek howlukmaýar.
Winisius 25 ýaşynda. Ol 2018-nji ýyldan bäri “Realyň” düzüminde çykyş edýär. Toparyň düzüminde ol Ispaniýanyň üç gezek çempiony, Çempionlar ligasynyň iki gezek ýeňijisi boldy. Umuman alanyňda, braziliýaly futbolçy “Real” üçin 347 oýun geçirip, 111 gol geçirdi we 91 netijeli gol pasyny berdi.
