SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“CargoLux”: yzygiderli ýük gatnawlaryny amala aşyrylýar

Türkmenistanyň howa menzilleriniň infrastrukturasynyň ösenligini göz öňünde tutup, onlarça daşary ýurt awiakompaniýalary agyr ýük laýnerlerinde söwda maksatly yzygiderli ýük gatnawlaryny amala aşyrýarlar. Şeýle awia ýükdaşaýjylaryň arasynda “CargoLux” ýaly iri awiakompaniýalar bar.

2015-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistan bilen Lýuksemburguň arasynda howa gatnawyny ýola goýmak baradaky ylalaşyk gazanylyp, Lýuksemburg – Aşgabat aralygy boýunça yzygiderli ýük gatnawlary ýerine ýetirilip başlady.

“Cargolux” awiakompaniýasy Ýewropada howa arkaly ýük daşamakda iri kompaniýa bolup, 2014-nji ýylda 10 göterimden gowrak ösüş depgini bilen dünýäde 7-nji orny eýeleýär hem-de 60-dan gowrak ugurlar boýunça yzygiderli we dünýäniň köp şäherlerine ýörite uçuşlary ýerine ýetirýär.

Geografik we ykdysady nukdaýnazaryndan Aşgabat halkara howa menzili üstaşyr we täjirçilik uçuşlary, şeýle hem ýangyç guýyp geçmäge we Merkezi Aziýada iri ýük we logistika merkezi hökmünde peýdalanmaga tehniki duralgalyk üçin ajaýyp ýerleşendir.

Bu barada “turkmenistaninfo.gov.tm” portaly habar berýär.

Ýene-de okaň

2025-nji ýylda dünýä boýunça halkara syýahatçylaryň sany 4 % artdy

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär