DÜNÝÄ

Çäklendirmeleriň kölegesindäki Diwali

Hindistanda datly tagamlar, doga-dileg we feýerwerkler bilen bellenilýän Diwali baýramy yşyklaryň festiwaly hökmünde hem meşhurdyr.

Adam bu baýramçylykda ýagtylygyň garaňkylygy, ýagşylygyň ýamanlygy ýeňşini şemleriň üsti bilen beýan edýärler. Eýýäm asyrlaryň dowamynda asylly däbe öwrülen bu baýramçylyk şu ýyl koronawirus wakalarynyň we ekologiýa ýagdaýlarynyň kölegesinde galdy.

Ýerli ýaşaýjylaryň pikirine görä, Diwaliniň many-mazmuny häzirki wagtda Ýer ýüzüni gurşap alan çylşyrymly ýagdaýlaryň melhemidir. Ýöne hassalaryň sany azalsa-da, Hindistanda koronawirus bilen ýiti göreş alyp barýar. Resmi maglumatlara görä, ýurtda 35 million adam bu keseliň penjesine düşdi. Her niçik hem bolsa, olaryň 500 müňe ýakyndan galany keseliň elinden aman gutuldy.

Ýagdaýlar çylşyrymly bolsa-da, hindiler Diwaliden ýüz öwürmek islemediler. Olaryň pikirine görä, Diwali täze ýylyň başlangyjydyr. Ýene-de bir zadyň, baýramyň bellenilýän günleriniň her ýyl Aýyň ýagdaýyna görä üýtgeýändigini hem aýtmak gerek. Köplenç, ol oktýabr ýa-da noýabr aýlaryna gabat gelýär.

Şu ýyl Diwali 4-nji noýabra gabat geldi. Ýöne koronawirus bilen bagly çäklendirmeler ýurtda baýramçylygyň asyrlaryň dowamyndan bäri gelýän şüweleňine täsirini ýetirdi. Hökümet raýatlardan köpçülikden gaça durmagy talap etdi. Baýram bilen bagly dini däpler bolsa buthanalardan onlaýn berjaý edildi.

Şeýle-de bolsa käbir däplere rugsat berildi. Mysal üçin, paýtagt Deli şäherinde adamlar köpçülikleýin baýramçylyk söwdasyna çykdylar.Her niçik hem bolsa, ýurduň Hökümeti bu ýagdaýyň keseliň gaýtadan güýjemegine sebäp bolmagyndan endişe edýärler.

Covid ―19 bilen bagly wakalar ýurtda şu ýylyň aprel we maý aýlarynda has-da möwjedi. Ýöne metbugat sahypalarynda häzir ýagdaýlaryň durnuklaşýandygy ýazylýar. Hatda maý aýynda Hindistanda her gün 400 müň çemesi adam kesele ýolugýan bolsa, häzir olaryň gündelik sany 12 müňe çenli azaldy.

Şu ýylky baýramyň täsirleri heniz özüni görkezmese-de, Diwaliniň geçen ýyl bellenilişi ýurtda saglyk babatynda kynçylyklara sebäp bolupdy. Munuň üstesine-de, ýurtda howanyň kirlenmegi bilen bagly ýagdaýlaryň täsiri ýiti duýulýar. Şonuň üçin hem feýerwerkleriň köpçülikleýin ulanylmagynyň bu ýagdaýy has-da çylşyrymlaşdyryp biljekdigi öňe sürülýär. Şeýle bolansoň, ýurduň welaýatlarynyň aglabasynda Diwali baýramynda feýerwerkleri uçurmak gadagan edildi.

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/ahli-dowurlerin-in-bay-turgeni/

Ýene-de okaň

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdylar