SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Çäklendirmeler bu gezek 15 gün uzaldyldy

Wagtlaýyn çäkledirmeler 15 gün möhlet bilen uzaldyldy. “Türkmenawtoulaglary” agentliginiň berýän maglumatlaryna görä  2021-nji ýylyň iýun aýyndan bildirilýän talaplary berjaý etmek şerti bilen, synag hökmünde, Aşgabat – Daşoguz we Daşoguz – Aşgabat, Aşgabat – Mary we Mary – Aşgabat, Aşgabat – Türkmenbaşy we Türkmenbaşy – Aşgabat, hem-de Aşgabat – Türkmenabat we Türkmenabat – Aşgabat ugurlary boýunça hepdede üç gezek awtobus gatnawynyň ýola goýulýandygy hem-de welaýatara we şäherara awtobus gatnawlary boýunça beýleki ugurlara girizilen wagtlaýyn çäklendirmäniň möhletiniň 2021-nji ýylyň iýun aýynyň 15-ne çenli uzaldylandygy barada habar berilýär.

Ýadyňyzda bolsa 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan şäherara ugurlar boýunça awtobuslaryň gatnawyny ýola goýmagyň synag hökmünde gatnatmagyň tertibi kabul edildi we bu habary saýtymyza ýerleşdiripdik. Tertibi okamak üçin şu ýere basyň!

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

44-35-35, 44-35-31, 44-35-32, 44-35-33, 082.

“Demirýollary” Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň resmi internet sahypasynda, ýurdumyz boýunça demirýol gatnawlarynyň tertibi çap edildi. Bu habary hem saýtymyzdaky aşakda berilen linkden okap bilersiňiz!

Şäherara awtobus gatnawlarynyň täze tertibi

 

Demirýol gatnawlarynyň tertibi

Ýene-de okaň

Derman senagaty pudagy: Türkmenistan Türkiýe we Özbegistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Ata Watan Eserleri

“S7 Airlines” 2026-njy ýylyň mart aýyndan başlap Nowosibirsk – Aşgabat uçar gatnawlaryny açýar

“S7 Airlines”:Moskwa bilen Aşgabat arasyndaky gatnawlaryň sany artdyrylar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: içerki gatnawlaryň tertibine düzediş girizýär

Türkmen lukmanlary koreý lukmançylygy boýunça okuw maksatnamasyny tamamladylar

Hytaýyň raýatlary Russiýa 30 gün möhlet bilen wizasyz girip bilerler