SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Çaganyň ösüşinde bäbeklik döwrüne häsiýetnama

Bilşimiz ýaly, çaganyň ösüşi, kemala gelşi hakynda dürli hili maglumatlar berilýär. Bu babatda beýik akyldar Magtymgulynyň pikirleri-de üns bererlikdir. Onuň «Nahana geldiň», «Joşa ýetdiň», «Ýaşynda», «Don gerek», «Jana ýetdiň», «Düşen günlerim» atly goşgularynda bir, bäş, on ýaşy öz içine alýan döwürler hem aýratynlykda häsiýetlendirilýär. Akyldaryň düşündirişine görä, çaga dünýä inen döwründen mekdep ýaşyna çenli bolan aralykda fiziologik we psihologik taýdan özgerýär, dürli oýunlar arkaly özara ýaryşyp türgenleşýär, bedenlerini berkidýär, ýagşy bilen ýamany parhlandyrmagy öwrenip başlaýar. Üç ýaşynda bolsa iň möhüm zada – söz bilmek ukybyna eýe bolýar. Dört-bäş-alty ýaşlaryndan tä ýedi-sekiz ýaşlaryna çenli aralykda bolan günleriň her birini «bahar ýaz ýaly» edip geçirýär. Şeýdibem ösýär ulalýar. Çaganyň ösüşi dürli ýaş aýratynlyklaryny öz içine alýar. Çaganyň ösüşiniň  ilkinji döwri bäbeklik döwrüdir..

Bäbeklik döwri çaga doglanyndan  1 ýaşa çenli döwri öz içine alýar. Çaga bäbeklik döwründen başlap, ähli zatlar üns merkezinde saklanýar. Bäbeklik döwründe çaga terbiýe bermeklik onuň şol döwürdäki fiziki ösüşiniň özboluşlylygyna daýanmak esasynda amala aşyrylýar. Bu döwürde çaganyň duýuş agzalarynyň kadaly işlemegi, sözleýşiniň ösmegi üçin amatly şertleri döretmek esasy wezipä öwrülýär. Çaganyň predmetler, oýnawaçlar bilen iş salyşmagy, ulular bilen özara gatnaşygy çaga terbiýeleýjilik, bilim berijilik, öwredijilik täsirini ýetirýär. Bu döwürde çaga hereket etmek, görmek, synlamak, diňlemek, ýatda saklamak başarnyklaryny ele alýar. Agzalýan döwürdäki çagalara öýkünmek, ulularyň hereketini gaýtalamak ýaly alamatlar mahsusdyr. Çagada predmetler arkaly pikirlenmek emele gelýär. Bäbeklik döwründe şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin zerur bolan şertler kemala gelip başlaýar.

 

ABŞ serhetlerini açmagy meýilleşdirýär

 

 

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy