BILIM

Çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 – 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklandy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan çagalaryň hukuklaryny we abadançylygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni ulgamlarynda çagalaryň hukuklaryny goramaga we yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen şertleri ýaýbaňlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesliň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak, çagalary okatmagyň, durmuşa taýýarlamagyň, olar bilen geçirilýän terbiýeçilik işleriniň hilini has-da ýokarlandyrmak, Türkmenistanyň halkara şertnamalar esasynda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek barada öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny beýan etmek we olaryň hukuklardan peýdalanmak mümkinçiligini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy hem-de ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge borçly edildi.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary