BILIM

Çagalary döwlet umumybilim edaralarla kabul etmegiň tertibi nähilli?

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Çagalary döwlet umumybilim edaralaryna kabul etmegiň Tertib tassyklandy. Bu Tertip, Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda çykaran 322 belgili  Buýrugy bilen tassyklandy.

Umumybilim edarasy şu Tertibe we öz tertipnamasy esasynda çagalary okuwa kabul edýär.

Çagalar näçe ýaşda okuwa kabul edilýär?

Umumybilim edarasynyň birinji synpyna okuwa giren ýylynda 6 ýaşyny doldurýan, şeýle-de dürli sebäplere görä öz wagtynda okuwa çekilmedik çagalar kabul edilýär.

Umumy orta bilimiň hökmanylygyny amala aşyrmak maksady bilen, her ýylyň maý we awgust aýlarynda mugallymlar tarapyndan umumybilim edarasyna golaý ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan birinji synpa okuwa gelýän çagalary hasaba almak üçin ýazgy geçirilýär.

Umumybilim edarasynyň ýolbaşçysy ýazgy geçirilen ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan birinji synpa okuwa gelen çagalar barada her ýylyň 20-nji sentýabryna çenli etrap, şäher bilim bölümlerine, olaryň ýok ýerinde welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliklerine ýazmaça görnüşinde hasabat bermelidir.

Umumybilim edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan ýazgynyň netijesinde birinji synpa okuwa gelýän çagalaryň arasynda umumybilim edaralaryna gatnap bilmeýän, saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli, ýagny beden we (ýa-da) ruhy taýdan ösüşinde ýetmezçiligi bolan, hereket-daýanç synasy bozulan çagalar we beýleki çagalaryň ata-enelerine aýratyn okuw meýilnamalaryna we okuw maksatnamalaryna laýyklykda, olary ýörite bilim edaralarynda ýa-da öýde okatmaklygyň düzgünleri düşündirilýär.

Umumybilim edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan okuwa çekilmäge degişli bolan saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar barada etrap, şäher bilim bölümlerine, ýok ýerinde welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliklerine her çärýekde ýazmaça görnüşinde hasabat berilmelidir we yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.

Umumybilim edarasynyň ýolbaşçysynyň buýrugy bilen her ýylyň awgust aýynyň başynda birinji synpa okuwa gelýän çagalaryň resminamalaryny kabul etmek üçin 5 (bäş) adamdan ýa-da agzalaryň başga täk sanyndan ybarat bolan işçi topary  döredilýär.

Işçi toparyň başlygy umumybilim edarasynyň müdiri, işçi toparyň agzalary bolsa mekdep müdiriniň okuw (okuw-terbiýeçilik) işleri boýunça orunbasary, mekdebiň Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň wekili hem-de birinji synpy okatjak mugallymlary bolmalydyr.

Resminamalar haçan kabul edilýär?

Umumybilim edarasynyň birinji synpyna okuwa gelýän çagalaryň resminamalary her ýylyň 1-nji awgustyndan 5-nji sentýabr aralygynda kabul edilýär.

Okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen umumybilim edaralarynyň Tertipnamalaryna laýyklykda çagalary birinji synpa kabul etmeklik etrap, şäher bilim bölümleriniň, welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleriniň ýolbaşçylarynyň buýrugy bilen kesgitlenilýän möhletlerde amala aşyrylýar.

Çagalary umumybilim edaralarynyň birinji synpyna kabul etmeklik çaganyň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň arzalary esasynda amala aşyrylýar.

Okuwa kabul etmek baradaky Arzanyň ýanyna haýsy resminamalar goşulýar?

  • çaganyň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;
  • çaganyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy;
  • çaganyň saglyk ýagdaýy barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanan nusgadaky lukmançylyk resminamasy;
  • birinji synpa okuwa gelýän çaga mekdebe çenli çagalar edarasyna gatnan bolsa, oňa şol edara tarapyndan berlen häsiýetnama.

 Okuwçylary başga bilim edarasyna geçirmek nähilli amala aşyrylýar?

Okuwçylary umumybilim edarasyndan başga umumybilim edarasyna geçirmeklik çaganyň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň arzalary esasynda amala aşyrylýar.

Arzanyň ýanyna şu resminamalar goşulýar:

  • çaganyň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;
  • umumybilim edarasynda okaýandygy barada kepilnama;
  • okuwçy okuw ýylynyň dowamynda umumybilim edarasyna gelen bolsa, onda onuň çärýeklik, ýa-da çärýegiň dowamynda alan bahalarynyň sanawynyň nusgasy;
  • umumybilim edarasyna gelen we giden okuwçynyň ata-enesine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara müdir tarapyndan onuň umumybilim edarasyna gelendigi we ondan gidendigi barada ýazmaça resmi resminama.

Okuwçylar umumybilim edaranyň kuwwatlylygyna we synplaryň dolulygyna laýyklykda okuw ýylynyň dowamynda okuwa kabul edilýärler.

Umumybilim edarasyndan başga umumybilim edarasyna kabul edilen çaganyň ata-enesine ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara şol umumybilim edarasyna kabul edilendigi barada getiren ýazmaça resmi resminamasy esasynda okuwçynyň täze kabul edilen umumybilim edarasyna tabşyrmaklygy üçin şahsy jilti gaýtarylyp berilýär.

 

Okuwçy möhletinden öň bir synp ýokary geçip bilermi ýa-da möhletinden öň mekdebi guraryp bilermi?

“Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary hakyndaky hem-de Döwlet umumybilim edaralary hakyndaky düzgünnamalary tassyklamak barada” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 1-nji martynda çykaran 1158-nji karary bilen tassyklanan, Döwlet umumybilim edaralary hakynda Düzgünnamanyň on ýedinji bölegine laýyklykda öz wagtynda okuwa çekilmedik, şol sanda degişli Çagalar öýlerine iberilen ýetim çagalar we ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar, olaryň ukyby göz öňünde tutulyp, okuw dersleri boýunça öz ýaşyndaky synplara çenli okuw maksatnamalaryny goşmaça özleşdirmäge mümkinçilik döredilen ýagdaýynda, şeýle hem aýratyn ukyp başarnygy bilen tapawutlanyp, ähli okuw derslerinden örän oňat bahalar bilen okaýan okuwçylaryň islegleri we mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp, pedagogik geňeşiň karary bilen, okuw ýylynyň ahyrynda bir synp ýokary geçirilip bilner. Umumy orta bilim basgançagynda okaýan okuwçylar bolsa, bu basgançagyň soňky ýylynyň okuw maksatnamasyny özleşdirip, jemleýji döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran ýagdaýynda mekdebi gutardylyp bilner.

 

Daşary ýurt döwletlerindne gelen okuwçylar mekdebe kabul edilýärmi?

Daşary ýurt döwletleriniň umumybilim edaralaryndan gelen okuwçylar etrap, şäher bilim bölümleriniň, olaryň ýok ýerinde welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleriň ýazmaça resmi resminamasy esasynda deň derejedäki synplara kabul edilýär.

Amerikanyň “Geljekki liderleri alyşmak” (AKSELS) atly maksatnamasyna gatnaşan talyplar haýsy synpdan dowam edýär?

Amerikanyň Birleşen ştatlarynyň “Geljekki liderleri alyşmak” (AKSELS) atly maksatnamasy esasynda şeýle-de daşary ýurt döwletlerinde bir ýyl dil öwrenmek maksady bilen, okap gelen okuwçylar öňki tamamlan synpynyň yz ýanyndaky synpa kabul edilýärler.

Daşary ýurt döwletlerden gelen okuwçylar üçin haýsy resminama gerek?

Daşary ýurt döwletleriniň umumybilim edaralaryndan gelen okuwçylaryň umumybilim edaralaryna kabul edilmekleri üçin olaryň ata-enelerine ýa-da ornuny tutýan adamlara etrap, şäher bilim bölümleriniň, olaryň ýok ýerinde welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirlikleriniň ýazmaça resmi resminamasyny şu aşakdakylaryň tabşyrylmagy esasynda berilýär:

  • okuwçynyň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň arzasy;
  • okuwçynyň ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;
  • daşary ýurt döwletleriniň umumybilim edaralarynda okandygy baradaky resminamanyň (şahsy jilti, okandygyny tassyklaýan kepilnama, daşary ýurt döwletleriniň umumybilim edarasynda okan döwründe çärýeklik we çärýegiň dowamynda alan bahalarynyň sanawy) döwlet dilinde terjime edilen, möhür bilen tassyklanan nusgasy;
  • okuwçy daşary ýurt döwletleriniň umumybilim edaralaryndan öň Türkmenistanyň çäginde hereket edýän umumybilim edarasynda okan bolsa, onda onuň şahsy jilti, şol umumybilim edarasynda alan çärýeklik bahalarynyň we häsiýetnamasynyň nusgalary.

Umumybilim edarasyna kabul edilen çagalar mekdep müdiriniň çykaran buýrugy bilen okuwa kabul edilip, olaryň familiýasy we ady elipbiý kitabyna elipbiý tertibinde girizilýär hem-de synp žurnalyna ýazylýar.

Umumybilim edarasyna kabul edilen okuwçylara şahsy jilt açylyp, oňa elipbiý kitabyndaky yzygiderlik belgisi goýulýar.

Türkmenistandaky Bilelikdäki mekdeplerde ýagdaý?

Türkmenistanyň çäginde hereket edýän bilelikdäki we başga pudaklara degişli, şeýle hem daşary ýurt döwletleriniň umumybilim edaralaryndan gelen okuwçylaryň okan okuw dersleriniň Türkmenistanda hereket edýän okuw meýilnamasyndaky okuw derslerinden aratapawudy öwrenilip, okuwçy bilen öwrenilmedik okuw dersleriniň okuw maksatnamalarynyň özleşdirilmegi üçin umumybilim edarasynyň müdiriniň buýrugy bilen goşmaça okuwlarynyň geçirilmegi bellenilýär we şol buýruk bilen goşmaça okuwlaryň geçiriliş tertibi tassyklanýar hem-de okuwça goşmaça okuwlary okatjak mugallymlary berkidýär.

Goşmaça okuwlaryň geçiriliş döwründe öwrenilmedik okuw dersleriniň okuw maksatnamalarynyň özleşdirilmegi üçin okuwçylara özbaşdak işlemek üçin ýumuşlar berilýär.

Umumybilim edaralaryndan kabul edilen okuwçylar bilen geçirilýän goşmaça okuwlar üçin synplar boýunça aýratyn žurnal ýöredilýär.

Okuwçynyň okuw derslerini özleşdirendigini kesgitlemek üçin onuň bilimleri ýumuşlaryň üsti bilen barlanylýar we alan bahalary aýratyn ýöredilýän žurnala goýulýar.

Synpyň synp ýolbaşçysy şahsy jilte okuwçynyň goşmaça okuwlarda, daşary ýurt döwletleriniň umumy orta bilim berýän mekdeplerinde alan we degişli tertipde döwlet diline terjime edilen, möhür bilen tassyklanylan bahalaryny degişli synplardaky okuw dersleriniň sütünine geçirýär. Okuwçynyň şahsy jiltine synp ýolbaşçysy, müdiriň okuw (okuw-terbiýeçilik) işi boýunça orunbasary tarapyndan gol çekilip hem-de umumybilim edarasynyň möhüri bilen tassyklanylýar.

 

Fewral aýynda uniwersitede başlamak isleýänlere: Özýegin uniwersiteti

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar