BILIM

Çagalar sungat mekdebi okuwa kabul edýär

Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebi 2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin saz gurallarynyň dürli ugurlary we görnüşleri boýunça şu aşakdaky bölümlere zehinli okuwçylary okuwa kabul edýär:

Okuwyň möhleti 5 ýyl bolan şu aşakdaky bölümlere:

  1. Milli we halk saz gurallary (bagşy, dutar, akkordeon, gitara). Bu hünär ugurlaryna okuwa girmekçi bolýan çagalaryň resminamalaryň kabul edilýän iň soňky gününe çenli 10 ýaşyny dolduran we 11, 12 ýaşan çagalar umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary degişli synaglary tabşyrmak arkaly bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär.
  2. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary ( ksilofon (dep), klarnet, fleýta). Bu hünär ugruna okuwa girmekçi bolýan çagalaryň resminamalaryň kabul edilýän iň soňky gününe çenli 10 ýaşyny dolduran we 11, 12 ýaşan çagalar umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary degişli synaglary tabşyrmak arkaly bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär.
  3. Tans sungaty. Bu hünär ugruna okuwa girmekçi bolýan çagalaryň resminamalaryň kabul edilýän iň soňky gününe çenli 8 ýaşyny dolduran we 9, 10 ýaşan çagalar umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary degişli synaglary tabşyrmak arkaly bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär.
  4. Hor. Bu hünär ugruna okuwa girmekçi bolýan çagalaryň resminamalaryň kabul edilýän iň soňky gününe çenli 10 ýaşyny dolduran we 11, 12 ýaşan çagalar umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary degişli synaglary tabşyrmak arkaly bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 7 ýyl bolan şu aşakdaky bölümlere:

  1. Fortepiano we skripka. Bu hünär ugurlaryna okuwa girmekçi bolýan çagalaryň resminamalaryň kabul edilýän iň soňky gününe çenli 7 ýaşyny dolduran we 8, 9 ýaşan çagalar umumybilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary degişli synaglary tabşyrmak arkaly bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär.

Sungat mekdebinde okuwlar umumybilim berýän mekdepleriň okuwyndan daşary okadylýar.

Resminamalar 2020-nji ýylyň maý aýynyň 26-syndan iýun aýynyň 6-sy aralygynda mekdepde kabul edilýär.

Resminamalaryň sanawy:

  1. Mekdebe kabul edilmegi barada ýazylan arza.
  2. Okuwçynyň dogluş hakyndaky şahadatnamasynyň göçürmesi.
  3. Okuwçynyň 3х4 ölçegdäki 6 sany fotosuraty.
  4. Okuwçynyň saglygy hakynda kepilnama.
  5. Okuwçynyň okaýan orta mekdebinden kepilnama we häsiýetnama.
  6. Çaganyň ata-enesiniň ýaşaýan ýerinden berilen kepilnama (forma №3).
  7. Çaganyň ata-enesiniň işleýän ýerinden kepilnama.
  8. Üç arka, maglumat (elektron görnüşde).

Kabul ediş synaglary 2020-nji ýylyň iýun aýynyň 7-sinden 11-i aralygynda Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 3-nji çagalar sungat mekdebinde geçirilýär.

Biziň salgymyz: Aşgabat şäheriniň Oguz han köçesiniň 13-nji jaýy. Telefon belgilerimiz: 865-62-71-37; 863-75-55-78.

Ýene-de okaň

Russiýa Türkmenistanyň bilim edaralaryna 1 müňden gowrak kitap iberdi

Türkmen ýaşlary Indoneziýadan baýrakly dolandy

Ýaşlaryň 135-si Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi bolarlar

Halkara nebit we gaz uniwersiteti “Petronas” kompaniýasy bilen ähtnama gol çekdi

Türkmenistan we “Huawei”: sanly ulgam üçin hünärmenler taýýarlanar

Britan uniwersitetileri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanýar