Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy Kreml diwary boýunça Moskwa derýasynyň kenarynda köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçirdi.
Köpçülikleýin welosipedli ýörişe Ilçihananyň işgärleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň we GDA-nyň agza ýurtlarynyň arasyndan Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Çäre 2018-nji ýylyň aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen öňe sürülen Bütindünýä welosiped gününe bagyşlandy.
Şeýle hem Kiýew şäherinde Truhan adasynyň territoriýasynda «Daşary ýurt wekilhanalaryna hyzmat etmek boýunça baş müdirlik» döwlet kärhanasynyň goldawy bilen meňzeş çäre geçirildi. Çäräniň esasy maksady beden saglygyny goramagyň we sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegiň ähmiýetine köpçüligiň ünsüni çekmekden ybaratdyr.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Baş konsullygynyň guramagynda Dubaý şäherinde welosiped ýörişi geçirildi. Köpçülikleýin ýörişlere ýurduň diplomatik wekilhanasynyň işgärleri we olaryň maşgala agzalary, türkmen diasporasynyň wekilleri we talyplar gatnaşdylar.