DÜNÝÄ

Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýeti Türkmenistana geler

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ženewada birnäçe duşuşyklar geçirildi.

Ženewada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Bütindünýä Söwda guramasynyň baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda guramasyna goşulmagy işini işjeňleşdirmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, 2020-nji ýylyň iýulynda Türkmenistan BSG-ä synçy hökmünde kabul edildi, 2022-nji ýylyň fewralynda bolsa, BSG tarapyndan Türkmenistana  BSG-na goşulýan ýurt derejesi biragyzdan makullandy.

Taraplar bu etapda BSG-e girmegiň proseduralaryny geçirmek üçin bu işi öňe sürmek we işleri utgaşdyrmak üçin jogapkär iş topary döretmek maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, baş direktor BSG-niň jogapkär işgärleriniň işjeň kömek bermäge taýýardygyny aýtdy. Bu maksatlar üçin 2023-nji ýylyň maý aýynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýeti Türkmenistana iberiler.

***

Şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow saparynyň çäklerinde Portugaliýanyň daşary işler ministri Žoao Gomeş Krawinýo bilen duşuşdy. Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça resminamanyň taýýarlanmagy babatda ylalaşdylar.

Mundan başga-da, türkmen wekiliýetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Baş direktory Antonio Witorino bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň MHG bilen hyzmatdaşlygynyň meselelriniň toplumyna seredildi.

Ýene-de okaň

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi

Türkmenistanyň Ilçisi Ýuji Beleza we Derya Soýsaly Ilçihanada kabul etdi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze Konstitusiýa we täze baýramçylyk döredildi

Gazagystanlylaryň 87%-den gowragy täze Konstitusiýanyň taslamasyny goldady

Ata Watan Eserleri

Kabul we Aşgabat TOPH gaz geçirijisiniň ugrundaky ýerleri satyn almak işinde ylalaşýarlar

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov