SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Bütindünýä saglyk gününde köpçülikleýin welosiped ýörişi guralar

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli şu ýylyň 7-nji aprelinde Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere görülýän taýýarlyk baradaky hasabat Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde diňlenildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýylyň 15-nji martynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekden gazanýan üstünliklerine halkara bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň we ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Welosiped binasyndan badalga alýan köpçülikleýin welosiped ýörişiň geçiriljek ugurlarynda medeniýet we sungat ussatlarynyň hem-de aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary gurnalar.

Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýörişi guramak hem-de “Saglygym-baş baýlygym” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini, ýaryşlary we görkezme çykyşlary geçirmek göz öňünde tutulýar.

 

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi guralar

 

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy

Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

Aşgabatda täze, döwrebap saglyk öýi açyldy