SPORT

Bütindünýä çarwadarlar oýunlaryna welosipedli barýar

75 ýaşyndaky gyrgyz raýaty Mamyt Taştanow Türkiýe Respublikasynda geçiriljek Bütindünýä çarwadarlar oýunlaryna welosipedli barmak üçin ýola çykdy. Gyrgyz metbugatynda berlen maglumata görä, Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäheriniň raýaty Mamyt Taştanow özüniň welosipedli syýahatyna başlady.

Onuň uzak aralyga welosipedli ýörişi üçin Oş şäherinde dabara guraldy. Oňa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Oş oblasty boýunça ygtyýarly wekili Ziýadin Žamaldinow, Oş şäheriniň häkiminiň orunbasary Žasur Azimow, sungat işgärleri, şäher häkimliginiň işgärleri we jemgyýetçilik edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Oş şäheriniň häkimligi tarapyndan Mamyt Taştanowa maddy kömek berildi.

75 ýaşyndaky welosipedçi Türkiýe Respublikasyna barmak üçin 6 ýurduň üstünden geçer. Olar Özbegistan, Türkmenistan, Gazagystan, Azerbaýjan, Ermenistan we ahyrky nokady bolan Türkiýe Respublikasy.

Mamyt Taştanowyň bu welosipedli ýörişiniň maksady türki halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmekden ybaratdyr.

Bütindünýä çarwadarlar oýunlary sportuniň etniki görnüşleri boýunça halkara ýaryşdyr. Ol esasna hem Merkezi Aziýa halklarynyň milli sport oýunlaryny öz içien alýar.

Bu oýunlary guramak başlangyjy Gyrgyz Respublikasyna degişlidir. Bu oýunlaryň 3-üsi Gyrgyz Respublikasynda geçirildi.

Şu gezek 4-nji Bütindünýä çarwadarlar oýunlary Türkiýe Respublikasynyň 29-njy sentýabr-2-nji oktýabr aralygynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy