SPORT

Buskets Messiniň topardaşy boldy

ABŞ-nyň “Inter Maýami” topary Lionel Messiden soňra onuň “Barselona” toparynda oýnan döwründäki topardaşy Serhio Buskets bilen hem şertnama baglaşdy.

“Barselona” topary bilen bolan şertnamasynyň möhletini tamamlan Buskets hem Messi ýaly erkin futbolçy hökmünde amerikaly toparyň düzümine goşuldy.

Buskets bilen bu toparyň arasynda 2025-nji ýyla çenli şertnama baglaşyldy.

34 ýaşyndaky ispan futbolçy karýerasy boýunça “Barselona” toparynyň düzüminde çykyş etdi. ol bu ispan topary bilen 9 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, 3 gezke Çempionlar ligasynyň kubogyny we UEFA-nyň Superkubogyny, 7 gezek Ispaniýanyň Kubogyny we Naýbaşy kubogyny gazandy.

Ol Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen 2010-njy ýylda dünýä çempiony, 2012-nji ýylda bolsa, Ýewropa çempiony boldy.

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy