DÜNÝÄ

Bu ýerde iň pesi, dünýäde iň beýigi

Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde iň pes iş hakynyň möçberi kesgitlenildi. 17-nji oktýabrdan güýje girjek karara laýyklykda, şäherde iň pes iş haky bir sagat üçin 23 şweýsar franky bolar. Bu bolsa 25 dollar diýmekdir. Iň pes iş hakynyň ýyllyk mukdary bolsa 49 müň frank (53,4 müň dollar). Bu mukdar Şweýsariýada iň pes iş haky hökmünde görkezilýän hem bolsa, häzirki wagtda Ýer ýüzünde pes iş haklaryň arasynda iň ýokary derejedir.

Şäherde iň pes iş haky barada düzgüni girizmek boýunça ses berlişik ozal iki gezek — 2011-nji we 2014-nji ýyllarda girizildi. Ýöne ýerli ýaşaýjylar iki gezek hem muny goldamadylar. Soňky ses berlişikde bolsa şäheriň ilatynyň 54 göterimi täze düzgüne garşy çykmady. Munuň sebäbi hökmünde pandemiýa we geljege umytsyzlyk görkezilýär.

Maglumatlara görä, şweýsariýalylaryň ortaça ýyllyk girdejisi 57,4 müň franka (62,6 müň dollara) deň. Eger öý üçin kireý tölegi bolmasa, bir şweýsariýaly bir ýylda 17,3 müň frank (18,9 müň dollar) harçlaýar. Şäher merkezindäki bir gatly öýleriň kärende haky bir ýyllyk, ortaça, 21 müň franka (22,9 müň dollara) deň.    

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň we Günorta Sudanyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanda täze ministrler wezipä bellendi

Döwran Saburow “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy başlygy wezipesine bellendi

Gazagystan Owganystanda demirýol gurluşygyna goşular

Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy