MEDENIÝET

BTS topary BMG-nıň Baş Assambleýasynda çykyş etdi

BTS atly meşhur koreý aýdym-saz topary Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş etdiler.

. Günorta Koreýanyň aýdym-saz toparynyň howanyň üýtgemegi, ýaş nesliň pandemiýa we sanjymlara garşy göreş usuly babatda eden çykyşy  BMG-niň resmi “YouTube” kanalynda göni ýaýlymda görkezildi we 6 milliondan gowrak tomaşa edildi. Şeýle hem bu topar, BMG-niň baş binasynda düşüren şekilli aýdymyny hem tanyşdyrdy.

– Biz dünýä durdy, diýip pikir etdik. Emma ol öňe gitmegini dowam etdirýär. Biziň islendik kararymyz üýtgeşmeleriň başlangyjydyr – diýip, topar belläp geçdi.

Bu topar hemmeler üçin gowy geljegi döretmek üçin Ählumumy maksatlara ýetmekde tagallalary goldamak babatda çykyş etdiler.

2013-nji ýylda ilkinji gezek BTS topary özbaşdak döreden aýdym-sazlary we işjeňligi bilen bütin dünýäde tanaldy. Topar 2020-nji ýylda üç gezek “Billboard Hot 100” sanawynda öz ornuny aldy. Şeýle hem “Billboard Music Awards” we “MTV Music Awards” ýaly aýdym-saz sungaty äleiminiň naýbaşy baýraklaryna mynasyp boldular.

 

“Google Chrome” täzelendi

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy