MEDENIÝET

BTS” pandemiýadan soň konsertlerine başlaýar

K-popyň iň meşhur oglan topary BTS pandemiýadan soň konsertlerini täzeden başlaýar.

Günorta Koreýanyň aýdym-saz topary şu ýylyň ahyrynda ABŞ-nyň Los-Anjeles şäherinde konsertleri geçirmegi meýilleşdirýär. Pandemiýa sebäpli onlaýn çärelere gatnaşan “BTS” topary, janköýerleri bilen uzak wagtyň dowamynda ilkinji gezek ýüzbe-ýüz duşuşar.

Toparyň aýdym-saz kompaniýasy “Big Hit Music”-iň beren maglumatynda, “Covid-19 epidemiýasynyň arasynda ýüzbe-ýüz konsert bermek aňsat däl, ýöne bu pursatdan peýdalandyk we ABŞ-da çykyş ederis”- diýdi.

“BTS” iň soňky gezek 2019-njy ýylda Günorta Koreýanyň Seul şäherinde geçirilen konsertde “ARMY” atly janköýer toparynyň öňünde çykyş edipdi. Topar pandemiýa sebäpli 2020-nji ýyldaky iň uly dünýä syýahatyny ýatyryp, wirtual konsertleri geçirip başlady. Kyn şertlere garamazdan, topar wirtual göni ýaýlym konsertlerini dowam etdirdi. “BTS” topary janköýerleri bilen öz platformasynda birnäçe çäreleri gurnap, epidemiýada onlarça million dollar gazanmagy başardy.

Toparyň Los-Anjelesdäki “The permission to Dance on Stage” atly konsertleri 27-nji, 28-nji noýabrda we 2-nji dekabrda SoFi stadionynda geçiriler.

 

Çempionlar Ligasy: Messiniň ilkinji goly, “Şerifiň” garaÅŸylmadyk üstünligi

 

Ýene-de okaň

“Magtymguly Pyragy” kinosy: uly ýeňiş – Gran-pri baýragy gazandy

Magtymguly baradaky türkmen-özbek filmi Kazandaky halkara kinofestiwalda görkezildi

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

«EKSPO-2025»: türkmeniň haly sungaty we milli lybaslary tanyşdyryldy

Türkmen kinolary Kazan halkara kinofestiwalyna gatnaşar

Astrahanda “Magtymguly Pyragy” atly türkmen çeper filmi görkezildi