DÜNÝÄ

Bütindünýä bankynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2019-njy ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk we Bütindünýä bankynyň Türkmenistan boýunça dolandyryjysy jenap Ýan Peter Olters bilen duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda, wekiliýetiň agzalary duşuşygyň gurnalandygy üçin minnetdarlygyny bildirip, Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşiniň uly geljeginiň bardygyny belläp geçdiler. Taraplar häzirki alnyp barylýan hyzmatdaşlygy, aýratyn hem Bütindünýä bankynyň Türkmenistanyň şu ýylda hem başlyklyk edýän Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna ýardam bermegi boýunça alyp barýan işlerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bankyň wekilleri sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyň ösüşine gyzyklanmasyny bildirip, Türkmenistan tarapyndan goňşy Owganystana ýardam bermek boýunça alnyp barylýan taslamalara uly baha berdiler.

Şeýle hem, hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bütindünýä bankynyň wekilleri sanly ykdysadyýet, logistika, energetika, suw gorlary we gidrometeorologiýa ulgamyndaky taslamalaryň çäginde hyzmatdaşlygy giňeltmegi teklip etdiler. Hakykatdan hem, bu ulgamlara halkara tejribesiniň ornaşdyrylmagy Türkmenistanyň syýasatynyň aýrylmaz böleginiň biri bolup durýandyr. Taraplar bu işleriň döwletiň durmuş-ykdysady özgerişleri we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi bilen aýrylmaz baglydygyny nygtadylar.

Köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda tehniki ýardam bermek taslamalaryny we maksatnamalaryny durmuşa geçirýän Bütindünýä bankynyň wekilhanasynyň üstünlikli işleýandigi aýratyn bellärliklidir. Bu günki duşuşykda, Bütindünýä bankynyň wekilleri Türkmenistan tarapyndan energetika, ulag, saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryndaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi babatynda ähli tekliplere seredip geçmäge taýýardygyny aýtdylar. Şeýle hem, Bütindünýä banky Türkmenistanyň bank ulgamynyň kämilleşdirilmegi we döwletde halkara maliýe standartlaryna ýetmek işinde öz ussatlyk ukyplaryny teklip etdi.

Ýene-de okaň

Özbegistan bilen Azerbaýjan söwda dolanyşygyny 1 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan bilen Mali Awazadaky forumy maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Merkezi Afrika Respublikasynyň ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň wekiliýeti Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça dördünji halkara maslahata gatnaşýar

R.Meredow Malawiniň daşary işler ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

Türkmenistan bilen Gazagystanyň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary maslahatlaşyldy