SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG Ýewropada howa we saglyk boýunça täze komissiýa döretdi

Ýewropa sebiti dünýäniň beýleki sebitlerine garanyňda has çalt “gyzýar”. Dünýäde yssy howadan bolup geçýän her üçünji ölüm Ýewropa degişli. Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ilatyň saglygyna abanýan howplaryň artmagy sebäpli, BSGG-nıň Ýewropa sebit býurosy howa we saglyk boýunça Panýewropa komissiýasynyň döredilýändigini yglan etdi.

BMG-niň maglumatlaryna görä, bu komissiýa häzirki wagtda adamlaryň durmuşyna gönüden-göni täsir edýän howa krizisi şertlerinde saglygy goraýyş ulgamyna niýetlenen anyk we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri işläp düzer. Täze edaranyň ýolbaşçysy hökmünde Islandiýanyň öňki premýer-ministri Katrin Ýakobsdottir bellenildi. Komissiýanyň ylmy geňeşçisi hökmünde Londonyň gigiena we tropiki lukmançylyk mekdebinden professor Endrýu Hein çykyş edýär.

Komissiýanyň düzümine BSGG-nyň Ýewropa sebitinden dürli ýurtlary we halkara guramalary wekilçilik edýän ylmy we syýasy gatlakdan jemi 11 hünärmen girýär.

BSGG saglygy goraýyş pudagynyň howanyň üýtgemegi bilen göreşde giň mümkinçilikleriniň bardygyny belleýär – infrastrukturany döwrebaplaşdyrmakdan (meselem, energiýa taýdan tygşytly hassahanalary gurmak, yssy howa barada irki duýduryş ulgamlaryny döretmek) başlap, zyýanly galyndylary azaltmaga çenli.

Ýene-de okaň

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy

Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

Aşgabatda täze, döwrebap saglyk öýi açyldy

Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen we Daşoguz şäherlerinde saglyk merkezlerini gurar