SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BSGG: «Delta» ştammy dünýäniň 100-e golaý döwletine ýaýrady»

Koronowirusyň ilkinji gezek Hindistanda ýüze çykarylan ştammy dünýäniň 100-e golaý döwletinde hasaba alyndy. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş sekretary Tedros Adan Gebreýesus mälim etdi.

«Anadolu» agentliginiň ýazmagyna görä, baş sekretar «Delta» ştammynyň azyndan 98 döwletde hasaba alnandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu ştamm sanjymyň derejesine garamazdan, ähli çäklere ýyldyrym çaltlygynda ýaýrap bilýär.

Şonuň üçin hem BSGG-niň ýolbaşçysy howatyrlanma bilen: «Delta» gaty howply we ol tiz ýaýraýar, mutasiýa geçýär» diýdi.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/5-nji-iyuldaky-howa-maglumaty/

Related posts

Russiýada maýmyn mama keseliniň sanjymy synag edilýär

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

Türk howa ýollary: Ilkinji adaty uçar gatnawyny şu gün amala aşyrýar

Ata Watan Eserleri