SIZDEN GELENLER

Brýussel keleminiň peýdaly aýratynlyklary

Kelemiň iň bir peýdaly görnüşleriniň biri bolan brýussel kelemi saglygy goraýyş hünärmenleri tarapyndan iň köp maslahat berilýän önümleriň biridir. Ol düzümi boýunça zerur maddalary öz içine alýar. Hususan-da, askorbin kislotasy, belok, krahmal, süýüm maddalary, aminokislotalar bar. Bu maddalaryň bolmagy brýusseliň gymmatyny artdyrýar. Brýussel kelemi diňe medeni şertlerde ösýär, onuň ýabany görnüşi ýokdur. Çünki brýussel kelemi XVIII asyryň ortalarynda belgiýaly bagbanlaryň seçgisi netijesinde döredilipdir.

Botaniki aýratynlyklary

Brýussel kelemi ikiýyllyk ekinleriň hataryna girmek bilen, birinji ýylynda ösýär we güýçli ösen kök ulgamyny, ikinji ýylynda gülläp tohum emele getirýär. Beýikligi 20-100 sm bolan galyň silindr şekilli baldagy bolýar. Uzynlygy 40 sm bolan çemçe şekilli ýapraklary diametri 3-7 sm kelem kellejiklerini emele getirýär. Olar baldagyň ýaprak okunda ýerleşýär. Bir düýbünden 20-den 80-e çenli kelem kellejiklerini almak bolýar. Her bir kelem kellejiginiň agramy-da 8-15 grama deň. Bu görkeziji onuň soňky wagtlarda döredilen gibridlerinde üýtgeýär. Brýussel kelemi sowuga çydamlydyr, ýagtylygy we çyglylygy söýýär. Kelem kellejikleriniň emele gelmegi üçin amatly temperatura 18-20 dereje.

Azyklyk ähmiýeti

Brýussel kelemi islendik baýramçylyk saçagynyň bezegi bolup biler. Çünki ondan dürli tagamlar taýýarlanýar, duzlanan, gowrulan görnüşde iýilýär. Dürli tagamlara goşulan brýussel kelemi özüniň datly lezzeti bilen her birimiziň halaýan iýmitimiz bolmagynda galýar.

Bejeriş aýratynlyklary

Brýussel kelemi birnäçe ýokumly maddalarynyň ammarydyr. Onda:

  • A, B, C witaminleri we prowitaminler
  • kaliý, magniý, fosfor elementleri
  • foliý kislotasy
  • aňsat siňdirilip bilinýän süýüm maddalary bar.

Gök önüminiň 100 gramynda 43 kkal saklanýar. Brýussel kelemi aşgazan-içege, ýürek-damar ulgamynyň keselleri bolanlar üçin has-da ýaramlydyr. Şeýle-de ol metabolizmiň bozulmagynda, beýni ýadawlygynda, beden zäherlenmesinde, gan basyşyny kadalaşdyrmakda, artykmaç holesterini aýyrmakda, süýji keselinde peýdaly bolup durýar.

Oguljeren Aşymowa

Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby

Birža täzelikleri: Gonkongyň işewürleri uçar kerosinini satyn aldy

 

Ýene-de okaň

Awaza forumy: ählumumy ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Awaza – halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – hyzmatdaşlygyň täze nusgasy

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti