SPORT

Britaniýaly türgen 2-nji gezek Olimpiýa çempiony boldy

Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde dowam edýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda uly ynam bildirilýän türgenleriň biri bolan beýik britaniýaly Adam Piti ynamy ödedi. Ol 100 metr aralygy brass arkaly suwda ýüzmekde altyn medalyň eýesi boldy.

Şeýlelikde ol 2-nji gezek Olimpiýa oýunlarynyň çempiony adyny eýeledi. Adam Piti bu aralygy 57,37 sekuntda geçmegi başardy. Ikinji orny niderlandly Arno Kamming, üçünji orny bolsa italiýaly Nikolo Martinengi eýeledi.

Adam Piti suwda ýüzmegiň bu ugry boýunça ökde türgenleriň biridir. 26 ýaşyndaky türgen 2016-njy ýylda Olimpiýa oýunlarynda hem çempion bolupdy, şeýle hem ol 8 gezek dünýä çempiony bolan hem-de bu ugurda dünýä rekordynyň hem eýesidir.

 

 

Talyplyga dalaşgärler üçin täleýnama

Ýene-de okaň

Germaniýa 12 ýyldan soňra pleý-off tapgyryna çykdy

Dünýä çempionatlarynyň taryhyndaky 1000-nji duşuşyk geçirildi

Türkmen dzyudoçysy Maýsa Pardaýewa Mongoliýada bürünç medal gazandy

Türkiýäniň milli ýygyndysy dünýä çempionaty bilen hoşlaşdy

Meksikadan soňra ABŞ hem 1/16 tapgyra çykdy

Dünýä çempionatynyň il çalt goly geçirildi

Ata Watan Eserleri