JEMGYÝET

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Britan Geňeşligi tarapyndan durmuşa geçirilýän Merkezi Aziýada iňlis dilini öwretmegiň hilini ýokarlandyrmak boýunça bilim taslamasynyň (AELLCA) çäklerinde okuwlar üstünlikli alnyp barylýar.

Bu bilim taslama Beýik Britaniýanyň Norwiç dil bilimi instituty (NILE) bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýar we ilkinji gezek Türkmenistanda synag (pilot) görnüşinde ornaşdyrylýar. Taslamany durmuşa geçirmek üçin esasy bilim ojagy hökmünde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty saýlanyp alyndy. Bu bolsa institutyň daşary ýurt dillerini okatmak boýunça ýokary derejeli tejribä eýedigini we PRESETT (Pre-Service Teacher Education) hem-de INSETT (In-service Teacher Training) ulgamlarynda öňdebaryjy orun eýeleýändigini görkezýär.

Institut daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlar üçin hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary yzygiderli geçirip gelýär. Şeýle-de bolsa, AELLCA bilim taslamasynyň çägindäki INSETT okuwlary özboluşly aýratynlyga eýedir. Bu taslama laýyklykda, Britan Geňeşligi tarapyndan taýýarlanan ýörite okuwlary üstünlikli tamamlan institutyň tälimçi-mugallymlar tarapyndan orta mekdepleriň iňlis dili mugallymlary üçin 50 sagatlyk okuwlar guralýar.

Okuwlar Britan Geňeşligi we Beýik Britaniýanyň Norwiç dil bilimi instituty (NILE) tarapyndan işlenip taýýarlanan okuw maksatnamasy we okuw-usuly materiallarynyň esasynda alnyp barylýar. Bu materiallar mugallymlara iňlis dilini okatmagyň häzirki zaman usullaryny we çemeleşmelerini has çuňňur özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Okuwlaryň interaktiw we hyzmatdaşlyga esaslanýan görnüşde geçirilmegi gatnaşyjylaryň işjeňligini ýokarlandyrýar. Toparlaýyn işler, “jigsaw” usuly, pikir alyşmalar, seljeriş we refleksiýa ýaly dürli iş görnüşleri mugallymlaryň diňe bir nazary bilimlerini baýlaşdyrman, eýsem öz tejribelerini ylmy taýdan seljerip, täze bilimleri amaly taýdan ulanmagyna giň ýol açýar.

Bu taslamanyň esasy maksady iňlis dilini öwrenmegiň derejesini ýokarlandyrmak we ony has çaltlandyrmak bolup durýar. Şol sebäpli hem okuwlaryň dowamynda mugallymlar häzirki zaman pedagogiki çemeleşmeleri özleşdirip, okuw prosesine üstünlikli ornaşdyrýarlar.

Okuwlary üstünlikli tamamlan gatnaşyjylara halkara derejeli bilelikdäki şahadatnama gowşurylar. Bu şahadatnama Britan Geňeşligi, NILE – Norwiç Dil bilimi instituty hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan bilelikde tassyklanar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider

Kristofer Wizda: “Makul Iňlisçe-Türkmençe” gollanma seýrek duş gelýän gymmatlyk

Owganystanyň başlangyjy bilen ilkinji “Owganystan–Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Milli Liderimiz Arkadag şäherindäki 30 müň orunlyk metjidiň gurluşygy bilen tanyşdy

Ata Watan Eserleri