TEHNOLOGIÝA

BMW-niň söwdasy rekord derejede ösdi

Germaniýanyň BMW awtokonserniniň şu ýylyň birinji çärýeginde satan awtoulaglarynyň sany 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 33,5 göterim kän boldy.

Kompaniýa tarapyndan berlen berýanatda bu rekord derejedäki ösüşe dünýäniň ähli yklymlaryndaky söwdalar oňyn täsirini ýetirdi. Özi-de, söwdadaky ösüş kompaniýanyň ähli markalarynda (BMW, MINI, Rolls-Roýs) göze ilýär.

BMW ulaglarynyň söwdasy, pandemiýa garamazdan, Ýewropada 8 göterim dagy ösüpdir. Ýylyň ilkinji üç aýynda ýewropalylar 637 müň sany BMW satyn alypdyrlar.

Müşderileriň sanynyň artmagy kompaniýa tarapyndan işlenip düzülen uzak möhletli maksatnamalaryň üstünlikli işleýändigini görkezýär. Kompaniýa ýylyň birinji çärýeginde gibrid we elektrikli ulaglaryň hem 70 müňden gowragyny ýerledi.

 

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durnukly ösüş saklanyp galýar

 

 

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar