SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BMGÖM-Türkmenistan: 20 million dollarlyk pandemiýa garşy taslama

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy  (BMGÖM) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “COVID-19 öňüni alyş” taslamasyny durmuşa geçirmek we ýurduň pandemiýa taýynlygyny güýçlendirmek üçin şertnama gol çekdi. Bu barada guramanyň resmi internet sahypasynda bellenilýär.

20 million dollar býužetli taslamanyň “COVID-19” pandemiýasyna taýýarlygy we garşylygy güýçlendirmek üçin çäreleri geçirmegine garaşylýar. Taslama, aýratyn hem, milli synag we bejeriş kuwwatyny güýçlendirmäge, saglyk işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmaga, reagentleri, derman serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny satyn almaga we pandemiýa bilen baglanyşykly durmuş we saglyk töwekgelçiligini çözmäge gönükdiriler. Taslama ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin sanly çözgütleriň durmuşa geçirilmegini goldar.

Uzak möhletleýin perspektiwada taslama pandemiýalara netijeli jogap bermek üçin milli saglyk ulgamyny hemmetaraplaýyn berkitmegi maksat edinýär.

Taslama, BMG-nyň Türkmenistandaky agentlikleri bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere taýýarlygy we dessin çärelerini görülmegini üpjün etmek” meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine goldaw berer.

BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Hanym Natia Natswlişwili: “Global pandemiýalara garşy ýurduň saglygy goraýyş pudagynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmegine getirjek bu möhüm başlangyja gatnaşýandygymyz sebäpli buýsanýarys”- diýdi. “BMGÖM, beýleki hyzmatdaşlar bilen bilelikde, “2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş gün tertibiniň” esasy ýörelgesi bolan «Hiç kimi çetde goýmazlyk» ýörelgesine esaslanyp we özüniň ýokary hilli çeşmelerinden we tejribesinden peýdalanyp,  global pandemiýanyň täsirini azaltmak babatynda edýän tagallalaryny dowam etdirmäge taýýardyr.”

 

GaraÅŸsyzlyga bagyÅŸlanan sergi

Ýene-de okaň

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Daşary ýurt awiakompaniýalary Türkmenistanyň üsti bilen üstaşyr gatnawlary artdyrýarlar