SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

BMGÖM: insuliniň ilkinji tapgyry Türkmenistana getirildi

BMGÖM süýjikeseli bejermek üçin wajyp derman bolan insuliniň ilkinji tapgyryny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine (TSGDSM) gowşurdy. Birinji tagyra çalt hereket edýän insulinler – Aktrapid we Mikstard girýär. BMGÖM ýakyn wagtda Ýewropanyň öndürijilerinden beýleki görnüşli insulini, ruçka-şprisleri we iňňeleri üpjün eder. Insulinleriň umumy bahasy 1,8 million amerikan dollaryndan gowrak möçbere deňdir. Bu barada guramanyň resmi internet sahypasynda bellenilýär.

Insulin bilen üpjün etmek BMGÖM we TSGDSM arasynda 2020-nji ýylyň dekabrynda gol çekilen ýokanç däl kesellere (ÝDK) gözegçilik etmekde ýardam boýunça taslamasynyň çäginde amala aşyryldy. Býujeti 32,8 million amerikan dollaryna barabar bolan, bu taslama Türkmenistan Hökümeti tarapyndan dolulygyna maliýeleşdirilýär we ýürek-damar, onkologiki, endokrin, newrologiki kesellerini we dem alyş synalarynyň dowamly kesellerini bejermek üçin möhüm dermanlary getirmegi göz öňünde tutýar.

“BMGÖM 36-dan gowrak ýurtlara lukmançylyk maksatly önümlerini satyn almakda ýardam edýär. Olaryň arasynda Ukraina, Gazagystan, Eýran, Moldowa we Türkmenistan bar. Halkara guramalaryň üsti bilen satyn almalar iň amatly bahalar boýunça ýokary hilli dermanlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär”, – diýip BMGÖM Türkmenistandaky maksatnama departamentiniň ýolbaşçysy Röwşen Nurmuhamedow belleýär.

BMGÖM tarapyndan derman serişdelerini satyn almak, aç-açan açyk halkara bäsleşik esasynda Daniýanyň Kopengagen şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasy derejesinde amala aşyrylýar. Tekliplere garalanda, derman serişdeleriniň hiliniň halkara standartlaryna berk laýyk bolmagy göz öňünde tutulýar.

 

Türkmenistandan Russiýa 21-nji ýörite uçar gatnawy

 

Ýene-de okaň

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi