JEMGYÝET

BMG-niň wekilleri bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler minisrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit ýolbaşçysy hanym Aşita Mittalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk gurnaldy.

Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BMG-niň neşelere we jenaýatalara garşy göreşmek müdüriýetiniň sebit ýolbaşçysyna, Bitaraplygyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilýän çärelere gatnaşmaklyga çakylygy kabul edendigi we BMG-niň neşelere we jenaýatalara garşy göreşmek müdüriýetiniň wekillerine biziň ýurdumyzda geçirilýän dürli halkara forumlaryna işjeň gatnaşýandyklary üçin sag bolsun aýtdylar.

Soňra duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň neşelere we jenaýatalara garşy göreşmek müdüriýetiniň 2019-2021-nji ýyllar döwri üçin geljekki hyzmatdaşlygynyň tejribe çäreleriniň Maksatnamasynyň taslamasy (“ýol kartasy”) bilen bagly meseleleriň hataryna seretdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan neşelere we jenaýatlaryň öňüni almakdaky edilen işleriň netijeleri barada hem-de Türkmenistan bilen BMG-niň neşelere we jenaýatalara garşy göreşmek müdüriýetiniň arasyndaky geljekde-de hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alşyldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeliligini şeýle-de türkmen gümrük gullugynyň üstünligini belläp, taraplar Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetinе integrirlemekde we täze halkara söwda ýollaryny açmakdaky ýeten üstünliklerini hem bellediler.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri