DÜNÝÄ

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow täze bellenen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Raşid Meredow Narine Saakýany BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili wezipesine bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa öz işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky özara hereketleriň netijeliligini belläp, hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de häzirki we geljekki taslamalara seredip geçdiler. Esasy meseleleriň arasynda, Türkmenistanyň BSG agzalygyna girmegi, şeýle hem BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyny we onuň öz içine alýan Durnukly ösüş maksatlary, adam hukuklary, ykdysady diwersifikasiýa, sanlylaşdyrmak, howanyň üýtgemegi, energetika, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy we beýleki birnäçe ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki geçiriljek işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň çäklerinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Türkmenistanyň Daşary işler ministrine öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy hem-de täze bellenilen jogapkärli wezipesi bilen bagly mähirli sözler we gutlaglar üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Ol şeýle-de, durnukly ösüş ugrunda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ähli tagallalary etjekdigini belledi.

 

ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasyna täze ýolbaşçy bellendi

Ýene-de okaň

“Green Card” lotereýasyna ýüz tutmak senesine üýtgeşmeler girizildi

Ata Watan Eserleri

Ankarada Döwletmämmet Azadynyň doglan gününiň 330 ýyllygy bellenildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekiliýeti ADIPEC-2025 halkara nebitgaz sergisine we maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti BAE-niň senagat ministri Sultan Al Jaber bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň wekiliýetiniň «Dragon Oil» kompaniýasy bilen geçiren duşuşyklary

Türkmenistanyň ilçisi Adalat we Galkynyş partiýasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri