DÜNÝÄ

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Aşgabatdaky merkeziň işine oňyn baha berdi

BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekiliniň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa boýunça Sebit Merkeziniň baştutany  Kaha Imnadze we Merkezi Aziýa döwletleriniň hemişelik wekilleri gatnaşmagynda Türkmenistanyň BMG-däki hemişelik wekilhanasynda brifing guraldy.

K.Imnadzeniň aýtmagyna görä, hasabat oňyn we guramaçylykly ýagdaýda geçirildi, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň Sebit merkeziniň işine oňyn baha berendigi we mandatyny güýçlendirmek boýunça mundan beýläkki tagallalary goldaýandygy nygtaldy.

Brifingiň dowamynda K. Imnadze, esasanam BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine ýarym ýyllyk hasabatynda aýratyn üns berlen garaýyşlar barada maglumat berdi.

Owganystanyň häkimiýetleri bilen köptaraplaýyn gepleşik gurmak we ösdürmek üçin Türkmenistanyň Bitarap döwlet we Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň kabul ediji ýurdy hökmünde ulanmak üçin bar bolan giň mümkinçilikler bellendi.

Şeýle hem Merkeziň goldawy bilen Merkezi Aziýanyň ýaşlar dialogyny döretmek we ilkinji ýygnagyny 2023-nji ýylyň dördünji çärýeginde Türkmenistanda geçirmek meýilnamalarynyň bardygy habar berildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde täze kanun taslamalary kabul edildi

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin sport çäresi guraldy

Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde ýurduň merhum Liderini hatyralamak çäresi geçirildi

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň bilim ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Aşgabatda türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň 7-nji mejlisi geçiriler

Russiýanyň ilçisi: Russiýa kosmonawtlary taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga taýýar