Şu gün BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik Utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.
Jenap Şlapaçenko Türkmenistanyň halkara giňişliginde tutýan işjeň ornuny, BMG-sy we onuň düzümleýin edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edip, ýurduň global we sebitleýin häsiýetli meseleleriň çözgüdini tapmakda döredijilikli gatnaşmagyny belläp geçdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda geljekde strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň ugurlary, esasanam, Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem ykdysady diwersifikasiýa, durmuş taýdan goraglylyk, adam hukuklaryny goramak we öňe sürmek hem-de howanyň üýtgemeginiň täsirlerini peseltmek ýaly ösüş ugrunda milli ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Jenap Şlapaçenko Türkmenistanyň Prezidenti onuň Alyhezreti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa BMG-niň Baş Sekretarynyň durnukly ösüş ugrunda we adam hukuklarynyň bähbidine, şol sanda koronawirus pandemiýasyna garşy milli derejede çäreleri işläp düzmek we geljekde howanyň üýtgemeginiň öňüni almak maksady bilen Hereketleriň Onýyllygy we ş.m. çäreleri görmek ugrunda çagyryşlaryny teklip edýän global başlangyçlary işjeň goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
BMG-niň Baş Sekretary tarapyndan gol çekilen ynanç hatlarynyň resmi gowşurylyş dabarasyndan we Türkmenistanyň Prezidenti onuň Alyhezreti jenap Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygyndan soňra jenap Dmitriý Şlapaçenko metbugat wekillerine ýüzlendi:
“Meniň üçin onuň Alyhezreti jenap Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmak we BMG-niň Türkmenistanda Hemişelik Utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetirmek uly hormatdyr. Men BMG-niň ösüş ulgamy bilen Türkmenistanyň arasynda ýurduň durnukly ösüşi, Türkmenistanyň gülläp ösmegi we Türkmenistanyň halkynyň abadançylykda ýaşamagy üçin ähli ileri tutulýan ugurlarda strategiki hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda ähli tagallalary etjekdigimi tassyklaýaryn” – diýip jenap Dmitriý Şlapaçenko belläp geçdi.
Terjimehal:
Jenap Şlapaçenko diplomatiýa, halkara hyzmatdaşlygy, syýasy we durmuş-ykdysady meseleler, ösüşi utgaşdyrmak, parahatçylygy gurmak we strategiki meýilnamalaşdyrmak boýunça 25 ýyldan gowrak tejribesi bar. Ol Birleşen Milletler Guramasynda, ýaňy-ýakynda Günorta Afrikanyň meseleleri boýunça toparyna we Nýu-Ýork şäherinde, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş edarasynda Sudanyň geçiş döwrüne goldaw bermek üçin Missiýasyna (UNITAMS) ýolbaşçylyk etdi. Mundan başga-da ol Syýasy we Parahatçylygy gurmak babatyndaky meseleler boýunça bölümine we Parahatçylyk babatynda operasiýalar bölümine goldaw berdi. Şeýle hem ol Yrakda, Kosowada, Nýu-Ýorkda, Somalide, Täjigistanda we Wenada ýolbaşçylyk wezipelerinde işledi.
Jenap Şlapaçenko halkara žurnalistika ugrunda bakalawr we magistr derejesine, şeýle hem Ukrainanyň Kiýew Uniwersitetinden halkara gatnaşyklary ugrunda doktorlyk derejesine, Wengriýanyň Budapeşt şäherinde Merkezi Ýewropa Uniwersitetiniň syýasy ylymlar boýunça magistr derejesine we Beýik Britaniýanyň London Ykdysadyýet Mekdebinden halkara gatnaşyklary ugrunda magistr derejesine eýedir. Şeýle hem, ol ABŞ-nyň Demirgazyk Karolina şäherindäki Dýuk Uniwersitetinde halkara žurnalistika we jemgyýetçilik syýasaty boýunça maksatnamany tamamlady.
«Ahal»-yň «Nasaf»-y utup bilmek mümkinçiligi nähili?Â