JEMGYÝET

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň kömekçisi bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň kömekçisi Ruwendrini Menikdiwela bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşygyň başynda Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Türkmenistan BMG-niň möhüm konwensiýalaryna we resminamalaryna goşulyp, öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine yzygiderli eýerýändigi belläp geçdi.

Şeýle hem Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019-2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň kabul edilmegi möhümdigi bellenilip geçildi.

Duşuşygyň dowamynda Hanym Menikdiwela raýatsyzlygyň soňuna çykmak  boýunça #IBELONG atly Kampaniýanyň üstünlikli tamamlanandygyny we ýurdumyzyň bu babatda tejribesiniň beýleki döwletlere nusga alarlykdygyny belledi.

Şeýle hem myhman Türkmenistanyň Raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça täze Global Alýansa goşulyp, bu ugurda netijeli hyzmatdaşlygy dowam edilýändigini nygtady.

Taraplar Türkmenistan bilen BMG-nyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklaryň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Hytaýyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Sefa Gömdeniz: Türkmenistan-Türkiýe strategiki hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar

Türkmenistan Azerbaýjanda geçiriljek WUF13 forumyna işjeň gatnaşmagy meýilleşdirýär

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Hytaýa dostluk sapary başlandy

Türkmen telekeçileriniň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergi geçirilýär