BMG-niň Baş Assambleýasy 1-nji oktýabry Halkara kofe güni diýip yglan etdi. Degişli kararnama Nýu-Ýorkda tassyklanyldy. Resminamanyň awtordaşlary hökmünde onlarça ýurt, şol sanda Türkmenistan, Belarus, Gyrgyzystan we Özbegistan çykyş etdi.
Kararnamada kofeniň gelip çykyşyndan başlap, häzirki zaman jemgyýetiniň ösüşindäki ähmiýetine çenli bolan medeni, durmuş we taryhy orny ykrar edilýär. Kofe diňe bir möhüm oba hojalyk harydy däl-de, eýsem nesilden-nesle geçýän medeni özboluşlylygyň we gündelik däp-dessurlaryň nyşanyna öwrüldi.
«Içgiden has gymmatly»
Resminamada kofe önümçiliginiň we gaýtadan işlenilmeginiň birnäçe Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmäge goşýan goşandy bellenilýär:
-
DÖM 1 & 2: Garyplygy azaltmak we açlyga garşy göreş.
-
DÖM 5: Zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek.
-
DÖM 8: Mynasyp zähmet we ykdysady ösüş.
BMG-niň Azyk we oba hojalygy guramasynyň (FAO) Baş direktory Sýu Dunýuý: “Kofe – bu içgiden has artykmaç zatdyr. Ol däneden başlap käsä çenli bolan dünýä söwdasynyň bir bölegidir” diýip belledi.
Kofeniň ähmiýeti we ykdysadyýeti
Kofe dünýäde iň meşhur içgileriň biridir. Soňky on ýyllykda dünýäde jan başyna düşýän sarp ediliş ortaça her ýyl 1,2 göterim artdy.
-
Girdeji: Bu pudak takmynan 25 million fermere girdeji getirýär.
-
Bazaryň göwrümi: Ähliumumy kofe senagaty ýyllyk 200 milliard dollardan gowrak girdeji getirýär.
-
Eksport: 2024-nji ýylda dünýä önümçiligi 11 million tonnadan geçdi. Braziliýa we Wýetnam iň iri eksportçylar, Ýewropa Bileleşigi we ABŞ bolsa iň iri importçylar boldy.
Kofe köp sanly pes girdejili ýurtlar üçin daşary ýurt walýutasynyň esasy çeşmesidir. Mysal üçin, 2024-nji ýylda kofe Efiopiýanyň umumy haryt eksportynyň 27,9 göterimini, Ugandanyň 20,1 göterimini we Burundiniň 19,5 göterimini düzdi.
Kofe pudagynyň ösüşi
FAO kofe öndürýän ýurtlara we ýerli jemgyýetlere klimatyň üýtgemegine uýgunlaşmaga kömek edýär. Gurama Panamada zyýankeşlere garşy göreşi, Gündogar Afrikada durnukly kofe görnüşleriniň ösdürilmegini we Kubada kooperatiw modelleriniň güýçlendirilmegini goldaýar.
Şeýle hem, FAO Gonduras, Gwatemala we Uganda ýaly ýurtlarda önümçiligiň aýdyňlygyny üpjün etmek we kiçi fermer hojalyklaryna maýa goýumlaryny çekmek üçin işleýär. Bu başlangyjyň maksady — has netijeli, inklýuziw we ekologiýa taýdan jogapkärli kofe pudagyny kemala getirmekdir.
