Halkara jemgyýetçiligi 15-nji dekabrda ilkinji gezek türki dilleriniň Bütindünýä gününi bellär.
Bu günüň döredilmegi baradaky çözgüt, BMG-niň habar berşi ýaly, noýabr aýynda Samarkantda geçen ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynda kabul edildi.
Gurama dil köpdürlüligini umumy adamzadyň mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar etmekde bu möhüm ädimi nygtady.
Bu senäniň saýlanylmagy simwoliki ähmiýete eýedir. Hut 1983-nji ýylyň 15-nji dekabrynda daniýaly dilçi Wilgelm Tomsen iň gadymy ýazgy çeşmelerinden biri bolan Orhon ýazgylarynyň üstünlikli ýüze çykarylandygyny yglan edýär.
Biziň eýýamymyzyň VIII asyrynda häzirki Mongoliýanyň çägindäki Orhon jülgesinde gadymy türkler tarapyndan ýazylan bu ýazgylar 1889-njy ýylda tapyldy. Tomseniň açyşy, häzirki wagtda Ýewraziýa boýunça onlarça jemgyýeti birleşdirýän dil däbi barada örän ähmiýetli düşünje almaga mümkinçilik berdi.
ÝUNESKO-nyň belleýşi ýaly, türki dilleri, şol sanda azerbaýjan, gazak, gyrgyz, türk, türkmen we özbek dilleri 12 million inedördül kilometr töweregi meýdanda 200 milliondan gowrak adam üçin ene dilidir.
Türki dilleriniň Bütindünýä gününi döretmek başlangyjy Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Türkiýe we Özbegistandan gelip çykdy we 21 ýurduň goldawyna eýe boldy.
Täze baýramçylygyň maksady – dil barlaglary, bilim we medeni alyş-çalyş ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, şeýle hem halklaryň arasynda medeni gatnaşyklara we özara düşünişmäge ýardam etmekden ybarat.
2025-nji ýyldan başlap, türki dilleriniň Bütindünýä gününiň çäklerinde türki halklarynyň dil we medeni mirasyna bagyşlanan sergiler, leksiýalar, edebi we şygyr agşamlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
ÝUNESKO bu baýramçylygyň türki dillerini gorap saklamaga we ösdürmäge gönükdirilen ylmy barlaglar we global gatnaşyklar üçin itergi berjekdigini, şeýle hem dil köpdürlüligini ähli adamzady baýlaşdyrýan gymmatlyk hökmünde ykrar etmegi güýçlendirendigini nygtaýar.
