JEMGYÝET

Biziň dünýämiz geljek 50 ýylda

Dünýä metbugatynda geljek 50 ýylyň içinde biziň saýýaramyzda bolup biljek esasy 10 üýtgeşme baradaky täsirli ýazgylar peýda boldy. Olar bilen türkmen okyjylaryny hem tanyşdyrmagy makul bildik:

1) Suwasty ýollar: germetiklenen konteýnerleriň suwuň aşagynda ýolagçy daşamagyna garaşylýar;

2) Ýerasty köp gatly jaýlar: olar ýer titremelerine hem juda çydamly bolar;
3) Özüni özi täzeleýän öýler: siz bir ýere gideniňizde ýa-da ukudan oýananyňyzda öz öýňüzi tanamarsyňyz. Öýleriň özünden-özi başga dizaýna geçip biler;

4) Beden agzalaryny işläp taýýarlaýan 3D çap edijiler;

5) Gaýry saýýaralardan gelen gelmişekler;

6) Her näçe iýseň hem semretmeýän, saglyga peýdaly dönerler ― gamburgerler;
7) Saglyga gözegçilik edip, keseli anyklaýan we maglumatlary islän diliňe terjime edip bilýän lybaslar;

8) Howerbord sport ýarysşlary;

9) Hem aktýor, hem tomaşaçy gatnaşyp bilýän filmler;

10) Uçýan taksiler we awtobuslar.

Bular barada häzir okamak hem täsinlik, ýöne wagty gelende bularyň ählisi adaty zatlaryň bir bir bölegi bolar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Azerbaýjan atçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri