BIZNES

Bitkoin milli pul birligine öwrülip barýar

Dünýäde kriptowalýuta ulgamy çalt depginde ösýär. Esasy kriptowalýuta bolan bitkoin milli pul birligine öwrülýär. Salwador bitkoiny milli pul birligi hökmünde kabul etdi.

Häzir bolsa Afrikanyň Tanzaniýa döwleti bitkoiny milli pul birligi hökmünde kabul etmek üçin degişli işleri ýola goýdy. Tanzaniýanyň Prezidenti Samia Suluhu ýurduň Merkezi bankyny kriptowalýutalaryň giňden ulanylmagynyň üstünde işlemäge çagyrdy.

Häzirki wagtda bitkoiniň bahasy 3,3 göterim ýokarlandy we 40 müň 650 dollar derejesine ýetdi. Kripto pul bazarlarynyň aktiw mukdary 4,5 göterim ýokarlandy we 1 trillion 750 milliard dollardan geçdi.

Kriptowalýuta bazary soňky döwürde üýtgäp durýar. Şol sebäpli maýadarlar, esasanam bitkoindäki hereketi çaklamak üçin soňky wakalara ýakyndan gözegçilik edýärler.

 

Türkmenistanda utgaşdyrylan Gün we ýel elektrik bekedi gurlar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder