Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özygtyýarly, baky Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasaty barha dabaralanýar. Bu ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan döwletli ýörelgelerini hormatly Prezidentimiziň ynamly dowam etdirip, ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň çäklerinde öz üstüne alan halkara borçnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýändigi bilen şertlendirilýär.
Hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň çuň taryhy kökleri halkymyzyň gadymyýetden gelýän dostanalyk, göwnaçyklyk, hoşniýetlilik ýaly ýörelgelerinden ugur alýar. Hut şunuň esasynda güneşli Diýarymyz Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinden halkara gatnaşyklarynda bitaraplyk, hoşmeýilli goňşuçylyk, dost-doganlyk ýaly ata-babalarymyzdan miras galan kadalara berk eýerip gelýär.
Taryh üçin uzak bolmadyk döwürde eziz Watanymyz bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri bilen halkara derejede uly abraý gazandy. Häzirki wagtda döwletimiziň daşary syýasatda öňe sürýän parahatçylyk söýüjilikli ynsanperwer ýoly dünýä ýüzünde giň goldawa eýe bolýar. Bitaraplygymyzyň öz gözbaşyny türkmeniň göwün küýseginden, ata-baba dowam edip gelýän ynsana we goňşa sylag-hormatyndan, hoşniýetli garaýşyndan alyp gaýdýandygy bolsa, buýsançlydyr.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly», «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary», «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň dünýä giňişliginde barha belende galýan abraýynyň, halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, sebit we ählumumy hyzmatdaşlygyň berkemegine goşýan uly goşandynyň giňden goldaw tapýandygynyň beýanydyr.
Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde eden taryhy çykyşlary, öňe sürýän başlangyçlary biziň döwletimiziň ählumumy parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we abadançylygyň hatyrasyna Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy giňden ýaýbaňlandyrmaga, halkara meselelerini çözmäge örän gyzyklanýandygyny ýene-de bir gezek tassyklaýar we dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde ýurdumyzyň abraýyny öňküden-de belende galdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň mejlisinde diňe bir sebitde däl, eýsem, ýer ýüzünde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmegi, dünýäniň ähli halklarynyň abadançylykda, bagtyýar durmuşda ýaşamaklaryny gazanmak barada eden taryhy çykyşy hem halkara jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy.
«Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanunda Türkmenistanyň özygtyýarly döwletiň aýrylmaz hukuklaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde öz hemişelik Bitaraplygyny meýletin yglan edýändigi beýan edilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň mazmunyny we maksadyny aýan etmek bilen, bu Kanunda onuň içeri we daşary syýasatynyň jemgyýetde durnuklylygy, ylalaşygy berkitmäge, dünýä döwletleri bilen dostlukly, birek-birege bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge esas bolup durýandygy barada aýdylýar.
Ajaýyp zamanamyzyň her bir ýylynda bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem dabarasy dünýä dolýan taryhy wakalara beslenýär. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygyndan, öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä döwletleri hem-de iri halkara guramalar tarapyndan uly goldawa eýe bolýandygyndan habar berýär.
Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parasatly, öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, Ýer ýüzünde parahatçylygy, asudalygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde işjeňlik görkezýär. Hemişelik Bitaraplygymyza 30 ýyl dolýan şöhratly ýylda bu hakykat has-da aýdyň ýüze çykýar. Üstümizdäki ýylda ýurdumyzda dürli halkara çäreleriň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi-de muňa aýdyň subutnamadyr.
Geçen 30 ýyllyk döwür ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara gatnaşyklarda syýasy üstünlikleri gazanmakda, durnukly ykdysady ösüşimizi üpjün etmekde, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda ornunyň uludygyny görkezdi. Häzirki döwürde Türkmenistan sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde esasy orunlaryň birini eýeleýän, dünýäde uly abraýdan peýdalanýan döwletdir. Ýurdumyzyň güýçli depginler bilen ösýän kuwwatly ykdysadyýeti bar. Döwletimiziň ykdysadyýeti daşary ýurt maýa goýumlary üçin hem örän özüneçekiji bolmagynda galýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň ösüşiniň netijeleri hem doly tassyklaýar. Şol netijeler ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ýokary depginler bilen ösýändigini görkezýär. Bitaraplygyň oňyn häsiýeti ýurdumyzyň ykdysady ösüşini häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň ýokarlanmagynda aýdyň beýanyny tapýar.
Halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzy hem baky Bitaraplygymyzy Watanymyzyň goşa ganatyna deňeýär. Şonuň üçinem berkarar döwletimiziň her bir raýaty Garaşsyzlygymyzyň 34, Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny üstünlikli garşylamak üçin yhlasyny, tagallasyny gaýgyrmaýar. Türkmen halkyny baky bagta ýetiren Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi baradaky arzuw-dilegler bolsa dilleriň senasyna öwrülýär.
Güljahan Baýjanowa,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.
